Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 23:6 - Mukaddes Kitap

6 Ahymelegiň ogly Abýatar gaçyp, Dawudyň ýanyna gelende, onuň elinde efot bardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ахымелегиң оглы Абятар гачып, Давудың янына геленде, онуң элинде эфот барды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 23:6
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa Abýatar ruhana şeýle diýdi: «Bar, öz Anatotdaky ýeriňe git, çünki sen ýaşamaga mynasyp dälsiň. Emma men seni şu wagt öldürjek däl, çünki sen kakam Dawudyň öňünde Hökmürowan Rebbiň sandygyny göterdiň, sen kakamyň ähli muşakgatlyklaryny deň çekişdiň».


Ukyply ökde ussalar efody altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tiksinler.


Şawul Ahyýa ruhana: «Hudaýyň sandygyny getir» diýdi. Çünki Hudaýyň sandygy şol gün ysraýyllaryň ýanyndady.


Efot geýnip gezýän Ahyýa hem şu ýerdedi. Ol Ikabodyň dogany bolan Ahytubyň ogludy. Ikabot Pinehasyň ogly, Rebbiň Şilodaky ruhanysy Eliýiň agtygydy. Ýonatanyň gidenini häzir hiç kim bilmeýärdi.


Ýöne Ahytubyň agtyklarynyň biri, Ahymelegiň ogullarynyň biri bolan Abýatar gaçyp, başyny gutardy we Dawudyň yzyndan gitdi.


Dawut Rebden: «Gidip, piliştliler bilen söweşeýinmi?» diýip sorady. Reb Dawuda: «Bar, piliştliler bilen söweşe gir-de, Kegilany halas et» diýip jogap berdi.


Şeýlelikde, Dawut bilen onuň adamlary Kegila gidip, piliştliler bilen söweşdiler, olaryň mallaryny sürüp äkitdiler, olary agyr heläkçilige sezewar etdiler. Ine, şeýdip, Dawut Kegilanyň ilatyny halas etdi.


Dawudyň Kegila gelendigini Şawula habar berdiler. Şawul: «Ony Hudaý meniň elime berdi, çünki ol meniň derwezeli, kiltli galama girip, öz-özüni tora salypdyr» diýdi.


Şawulyň niýetiniň ýamandygyny bilende, Dawut ruhany Abýatara: «Efody getir, Hudaýyň islegini bileli» diýdi.


Ol Ahymelegiň ogly ruhany Abýatara: «Efody getir» diýdi. Abýatar efody Dawudyň ýanyna getirdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ