Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 23:26 - Mukaddes Kitap

26 Şawul dagyň bir tarapyndan, Dawut bolsa adamlary bilen dagyň beýleki tarapyndan barýardy. Şawul bilen onuň adamlarynyň Dawudy we onuň adamlaryny gabawa salmaklaryna az wagt galypdy, Dawut gaçmaga howlugýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Шавул дагың бир тарапындан, Давут болса адамлары билен дагың бейлеки тарапындан барярды. Шавул билен онуң адамларының Давуды ве онуң адамларыны габава салмакларына аз вагт галыпды, Давут гачмага ховлугярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 23:26
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Iýerusalimde özi bilen bile bolan ähli adamlaryna: «Hany, boluň, gaçalyň! Ýogsam, bize Abşalomdan gutulma ýokdur. Howlukmasak, ol yzymyzdan ýetip, bizi tutar, başymyza bela getirer we galadakylary gylyçdan geçirer» diýdi.


Eý, Hudaýymyz, Sen olaryň üstünden höküm çykar! Bize garşy gelýän bu beýik goşuna garşy çykmaga bizde güýç-kuwwat ýok. Biz näme etjegimizi bilemzok, gözümizi Saňa dikýäris».


Ol bir keruba mündi-de, uçdy, ýeliň ganatlarynda gaýdy.


Gazabyndan ýaňa tüsse çykdy burnundan, ýuwudyjy ot bilen köreýän közler çykdy agzyndan.


Eý, doganlar! Biziň Aziýa welaýatynda başymyza inen külpetlerden siziň-de habarly bolmagyňyzy isleýäris. Bu külpetler çekip-çydardan juda agyrdy, biz diri galarys-da öýtmedik.


Olar ýer ýüzüni gurşap aldylar, Hudaýyň halkynyň düşelgesini, Onuň söýgüli şäherini gabadylar. Emma gökden inen ot olary ýakyp kül etdi.


Gazanyň ilaty: «Şimşon bärik gelipdir» diýşip, töwerekde gaýmalaşdy. Olar: «Jahan ýagtylýança garaşarys, ony öldüreris» diýip, uzynly gije galanyň derwezesini garawulladylar.


Soňra Mikal Dawudy penjireden çykaryp gaçyryp goýberdi. Ol gaçyp gizlendi.


Bol basymrak, eglenme» diýip, Ýonatan oglanjygyň yzyndan gygyrdy. Ol oglanjyk oklary çöpleşdirip, öz hojaýynyna getirip berdi.


Şawul bilen onuň adamlarynyň öz gözlegine çykandyklaryny eşiden Dawut Magon çölündäki gaýa gelip, şol ýerde ornaşdy. Muny eşidip, Şawul Magon çölüne Dawudyň yzyndan gitdi.


Şol wagt bir çapar gelip: «Howluk, ýurda piliştliler çozdy» diýip, Şawula habar berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ