Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 23:2 - Mukaddes Kitap

2 Dawut Rebden: «Gidip, piliştliler bilen söweşeýinmi?» diýip sorady. Reb Dawuda: «Bar, piliştliler bilen söweşe gir-de, Kegilany halas et» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Давут Ребден: «Гидип, пилиштлилер билен сөвешейинми?» дийип сорады. Реб Давуда: «Бар, пилиштлилер билен сөвеше гир-де, Кегиланы халас эт» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 23:2
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şondan soň Dawut: «Ýahuda galalarynyň birine gideýinmi?» diýip, Rebbe ýüz tutdy. Reb: «Hawa, git!» diýip jogap berdi. Dawut: «Haýsyna gideýin?» diýip sorady. Reb: «Hebrona» diýdi.


«Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, piliştlileri şübhesiz seniň eliňe berjekdirin» diýdi.


Dawut Rebbe ýüz tutanda, Reb şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur.


«Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Hudaýa ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, olary seniň eliňe berjekdirin» diýdi.


Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun; dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.


Ýa Reb, men ynsanyň ýolunyň öz elinde däldigini, dogry ädim basmagyň ygtyýarynda däldigini bilýärin.


Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».


Şeýdip, ysraýyllar olaryň çöreklerinden dadyp gördüler, ýöne bu hakda Rebden maslahat soramadylar.


Ýeşuwa ölenden soň, ysraýyllar: «Kenganlaryň garşysyna ilki haýsymyz söweşe çykmaly?» diýip, Rebden soradylar.


Olar: «Ol heniz bu ýere gelenokmy?» diýip, Rebden soradylar. Reb: «Ol, ine, ýüküň aňyrsynda gizlendi» diýip jogap berdi.


«Piliştlileriň yzyndan kowaýynmy? Olary Sen Ysraýylyň eline berersiňmi?» diýip, Şawul Hudaýa ýüzlendi. Emma Hudaý ol gün oňa jogap bermedi.


Ýöne adamlary Dawuda: «Biz bu ýerde – Ýahudada gorkuşyp ýörkäk, Kegila – piliştli goşunyň üstüne nähili baraly?» diýdiler.


Dawut ýene Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Hawa, Kegila git, piliştlileri seniň eliňe berjek» diýdi.


Ahymelegiň ogly Abýatar gaçyp, Dawudyň ýanyna gelende, onuň elinde efot bardy.


Dawut: «Men bu galtamanlaryň yzyndan kowmalymy? Men olaryň yzyndan ýetip bilerinmi?» diýip, Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Olaryň yzyndan kow. Sen hökman olaryň yzyndan ýetip, ýesirleri halas edersiň» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ