Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 22:7 - Mukaddes Kitap

7 Şawul ýanyndaky nökerlerine şeýle diýdi: «Eý, benýaminler – tiredeşlerim, indi gulak asyň. Ýyşaýyň ogly siziň her biriňize meýdanlar, üzümçilikler berermikä, ol sizi müňbaşylar hem ýüzbaşylar edermikä?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Шавул янындакы нөкерлерине шейле дийди: «Эй, беняминлер – тиредешлерим, инди гулак асың. Йышайың оглы сизиң хер бириңизе мейданлар, үзүмчиликлер берермикә, ол сизи мүңбашылар хем йүзбашылар эдермикә?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 22:7
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut ýanyndaky adamlary toplap, olary gözden geçirdi, olara ýüzbaşylardyr müňbaşylar belledi.


Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»


Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, öýli-öýüňize gaýdyň! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.


Benýaminler bilen ýahudalaryň käbirleri Dawudyň ýanyna gala geldiler.


Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer.


Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.


Dawudyň hemişe işi rowaçdy, çünki Reb onuň bilendi.


Emma Täze Aý baýramynyň ertesi güni hem Dawudyň orny boşdy. Şawul ogly Ýonatana: «Ýyşaýyň ogly näme baýramçylykda düýnem, bu günem görünmedi?» diýdi.


Muny eşiden Şawul Ýonatany gazap bilen dalady: «Wah, hyýanatkär hem azgyn aýalyň dogmasy! Özüň hem-de ýalaňaç ejeň bihaýa bolmadyk bolsaňyz, sen Ýyşaýyň ogluny dost tutunarmydyň? Käşgä, men ony bilmeýän bolsam!


Şawul oňa şeýle diýdi: «Näme üçin Ýyşaýyň ogly ikiňiz meniň garşyma dildüwşük guradyňyz? Näme üçin sen oňa çörekdir gylyç berdiň we onuň üçin Hudaýa ýüz tutup, onuň sapary barada soradyň? Görşüň ýaly, şeýdip, ol meniň garşyma duzak gurdy».


Şol wagty Şawulyň nökerleriniň gapdalynda duran edomly Döweg: «Ýyşaýyň oglunyň Nop galasyndaky Ahytubyň ogly Ahymelegiň ýanyna gelenini gördüm.


Ýöne Nabal Dawudyň ýigitlerine şeýle jogap berdi: «Dawut diýýäniňiz kim ol? Ýyşaýyň ogly diýýäniňiz kim? Häzir öz hojaýynyndan gaçyp ýören hyzmatkär kän.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ