Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 22:3 - Mukaddes Kitap

3 Dawut ol ýerden Mowapdaky Mispä gitdi. Ol Mowap patyşasyna: «Hudaýyň meni näme etjegi belli bolýança, kakam bilen ejemi öz ýanyňyzda saklap bilmezmisiňiz?» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Давут ол ерден Мовапдакы Миспә гитди. Ол Мовап патышасына: «Худайың мени нәме этҗеги белли болянча, какам билен эҗеми өз яныңызда саклап билмезмисиңиз?» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 22:3
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýusup kakasydyr doganlaryny Müsürde ýerleşdirdi. Ýusup faraonyň özüne buýruşy ýaly edip, olara Müsüriň iň gowy ýeri bolan Ragmeses etrabyndan mülk berdi.


Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler.


Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar.


Emma dul aýalyň çagalary ýa agtyklary bar bolsa, goý, olar onuň aladasyny etsinler. Goý, olar ozal özleri barada alada eden ene-atalaryna hormat goýsunlar. Çünki bu Hudaýyň halaýanydyr.


Ýeftaha Rebbiň Ruhy inipdi. Ol Gilgadyň we Manaşanyň üstünden geçdi. Ol Gilgatdaky Mispäniň üstünden geçip, ammonlylaryň üstüne gitdi.


Şeýle hem merhumyň ady öz mirasynyň üstünde berkarar bolup, doganlarynyň arasynda, dogduk mekanynda onuň ady ýitmez ýaly, Mahlonyň aýaly, mowaply Ruty men özüme aýallyga alýaryn. Siz muňa şaýatsyňyz» diýdi.


Goňşy aýallar çaga at goýup: «Nagomy üçin bir ogul doguldy» diýişdiler. Ony Obet diýip atlandyrdylar. Obet Dawudyň kakasy Ýyşaýyň kakasydyr.


Ysraýyla şa bolandan soň, Şawul töweregindäki duşmanlarynyň ählisine: mowap, ammon, edom halklaryna, Soba şalaryna we piliştlilere garşy uruşlar alyp bardy. Baran ýerinde-de, ol ýeňiş gazandy.


Ezilýänler, bergi-borja batanlar hem närazylaryň ählisi onuň ýanyna ýygnanyşdylar. Şeýdip, Dawut ýanyna ýygnan dört ýüze golaý adama baştutan boldy.


Şeýdip, Dawut kakasy bilen ejesini Mowap patyşasynyň ýanyna getirdi. Dawudyň gowakda bolan döwründe olar onuň ýanynda boldular.


Şondan soň Şamuwel hiç zady gizlemän, hemmesini bolşy ýaly Eliýä gürrüň berdi. Eliý: «Ol Rebdir, goý, Ol Öz halanyny etsin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ