Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 22:16 - Mukaddes Kitap

16 Patyşa: «Ahymelek, seniň özüňiň-de, ataňyň maşgalasynyň-da öljegine şek ýokdur» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Патыша: «Ахымелек, сениң өзүңиң-де, атаңың машгаласының-да өлҗегине шек ёкдур» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 22:16
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Izebel Ylýasa çapar ýollap: «Ertir şu wagtlar men seniň özüňi hem şol öldürilen pygamberleriň gününe salmasam, goý, onda hudaýlar maňa-da muny we mundanam beterini görkezsin» diýdi.


Emma Hamana diňe Mordekaýyň özüne el gatmaklyk ýeterlik däldi. Şeýlelikde, Mordekaýyň haýsy halkdandygyny oňa mälim edenlerinden soň, Haman Kserksiň bütin patyşalygyndaky ähli ýahudylary, Mordekaýyň tutuş halkyny ýok etmegiň küýüne düşdi.


Ejiz halkyň erbet hökümdary arlaýan arslan, topulýan aýy ýalydyr.


Patyşa muny eşidip, gazap atyna atlandy. Ol Babylyň ähli akyldarlaryny öldürmegi buýurdy.


Patyşa müneçjimlere şeýle jogap berdi: «Men şeýle karara geldim: eger-de siz meniň gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp bermeseňiz, siziň el-aýaklaryňyzy çapyp, öýleriňizi weýran etdirerin.


Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi.


Hirod Petrusy agtardy. Emma ony tapmansoň, garawullary soraga çekip, olary öldürmegi buýurdy. Şondan soň Hirod Ýahudyýadan Kaýsariýa gidip, şol ýerde galdy.


Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin.


Şawul Ýonatana: «Eger men seni öldürmesem, onda Hudaý meniň özümi öldürer, hatda ondan beterini görkezer» diýdi.


Ýyşaýyň ogly ýer ýüzünde diri gezip ýörse, özüňe-de, patyşalygyňa-da rahatlyk bolmaz. Häziriň özünde adam iber-de, ony meniň ýanyma getirt, onuň başy ölümli».


Hudaýa ýüz tutup, Dawut barada bu meniň ilkinji gezek soraýşymmy näme? Ýok, meniň özümi-de, meniň atamyň maşgalasyndan kimdir başga birini-de, goý, patyşahym günäkärlemesin. Seniň guluňyň bu işden düýbünden habary ýokdur».


Patyşa ýanynda duran janpenasyna: «Bol, Rebbiň ruhanylaryny öldür, sebäbi olaram Dawudy goldaýarlar. Olar onuň gaçyp ýörenini bilibem, maňa habar bermändirler» diýdi. Ýöne patyşanyň nökerleri Rebbiň ruhanylaryna el götermediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ