Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 22:10 - Mukaddes Kitap

10 Ol Dawut üçin Rebbe ýüz tutup, onuň sapary barada sorady we oňa azyk hem-de Jalut piliştliniň gylyjyny berdi» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Ол Давут үчин Реббе йүз тутуп, онуң сапары барада сорады ве оңа азык хем-де Җалут пилиштлиниң гылыҗыны берди» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 22:10
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».


Olar: «Ol heniz bu ýere gelenokmy?» diýip, Rebden soradylar. Reb: «Ol, ine, ýüküň aňyrsynda gizlendi» diýip jogap berdi.


Dawut Şawuldan gaçyp, şol gün Gatyň hany Akyşyň ýanyna gitdi.


Şawul Ahytubyň ogly Ahymelek ruhanyny, onuň tutuş maşgalasyny – Nop galasyndaky ähli ruhanylary getirmek üçin adam iberdi. Olaryň ählisi patyşanyň ýanyna geldiler.


Şawul oňa şeýle diýdi: «Näme üçin Ýyşaýyň ogly ikiňiz meniň garşyma dildüwşük guradyňyz? Näme üçin sen oňa çörekdir gylyç berdiň we onuň üçin Hudaýa ýüz tutup, onuň sapary barada soradyň? Görşüň ýaly, şeýdip, ol meniň garşyma duzak gurdy».


Hudaýa ýüz tutup, Dawut barada bu meniň ilkinji gezek soraýşymmy näme? Ýok, meniň özümi-de, meniň atamyň maşgalasyndan kimdir başga birini-de, goý, patyşahym günäkärlemesin. Seniň guluňyň bu işden düýbünden habary ýokdur».


Soňra Dawut: «Kegilanyň halky meni we adamlarymy Şawulyň eline berermi?» diýdi. Reb: «Berer» diýdi.


Dawut Rebden: «Gidip, piliştliler bilen söweşeýinmi?» diýip sorady. Reb Dawuda: «Bar, piliştliler bilen söweşe gir-de, Kegilany halas et» diýip jogap berdi.


Dawut ýene Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Hawa, Kegila git, piliştlileri seniň eliňe berjek» diýdi.


Dawut: «Men bu galtamanlaryň yzyndan kowmalymy? Men olaryň yzyndan ýetip bilerinmi?» diýip, Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Olaryň yzyndan kow. Sen hökman olaryň yzyndan ýetip, ýesirleri halas edersiň» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ