Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 20:8 - Mukaddes Kitap

8 Öz guluňa wepaly bol, çünki biz mukaddes äht edişdik. Eger men ýazykly bolsam, onda meni özüň öldüräý, kakaňyň ýanyna eltip näme etjek?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Өз гулуңа вепалы бол, чүнки биз мукаддес әхт эдишдик. Эгер мен языклы болсам, онда мени өзүң өлдүрәй, какаңың янына элтип нәме этҗек?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 20:8
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi siz meniň jenabyma merhemet ediň-de, sadyklygyňyzy görkeziň we boljagyny ýa-da bolmajagyny maňa aýdyň. Onsoň men näme etmelidigi barada belli karara gelerin».


Ölüm pursady golaýlanda, Ysraýyl Ýusuby ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Eger meni söýýäniň çyn bolsa, onda eliňi uýlugymyň astynda goý-da, maňa wepaly boljakdygyňa hem sözümi tutjakdygyňa ant iç. Meni Müsürde jaýlamagyn.


Abşalom oňa şeýle jogap berdi: «Gelsin diýip, yzyňdan adam iberdim. „Meni Geşurdan näme üçin getirdiň? Ol ýerden gaýtmadyk bolsam, mundan gowy bolardy“ diýip aýtdyrmak üçin, seni patyşanyň ýanyna iberjekdim. Men häzir patyşanyň ýanyna gideýin. Eger günäkär hasaplasa, onda, goý, ol meni öldüräýsin!»


Dawut olaryň öňünden çykyp, şeýle diýdi: «Eger meniň ýanyma ýagşy niýet, kömek etmek maksady bilen gelen bolsaňyz, onda ornuňyz ýüregimiň töründe, ýöne zorluk etmedik halymda meni duşmanlaryma satmak üçin gelen bolsaňyz welin, muny ata-babalarymyzyň Hudaýy görüp, siziň jezaňyzy bersin».


Sadyk söýgiňi terk etme. Bagla olary boýnuňa. Ýüregiň gatyna ýazyp goý.


Men ýamanlyk eden bolsam ýa-da ölüme laýyk bir iş eden bolsam, ölümden gaçmaýaryn. Eger bu adamlaryň maňa garşy aýyplamalary ýalan bolsa, meni olaryň eline tabşyrmaga hiç kimiň haky ýokdur. Men dawamy imperatora arz edýärin» diýdi.


Olar Rahaba: «Eger biziň işimiziň syryny açmasaň, onda, goý, janymyz size pida bolsun! Reb bu ýurdy bize beren wagtynda, biz hem size, hakykatdan-da, rehimdarlyk ederis» diýdiler.


«Reb hudaýlaryň Hudaýydyr! Reb hudaýlaryň Hudaýydyr! Ol bilýändir, goý, ysraýyl halky hem bilsin: eger biz Rebbe boýun egmezlik ýa-da dönüklik eden bolsak, siziň bu gün bize rehimiňiz inmesin!


Nagomy iki gelnine-de: «Baryň, ikiňiz hem ejeňiziňkä gaýdyberiň. Maňa we merhum gaýynataňyza hem-de adamyňyza hemişe wepalylyk görkezişiňiz ýaly, size-de, goý, Reb öz wepalylygyny görkezsin.


Şawul bilen Dawut gepleşip boldular. Şondan soň Dawudy Şawulyň ogly Ýonatanyň sulhy aldy. Ýonatan ony janyndan hem eziz gördi.


Ýonatan Dawudy janyndan eziz görensoň, onuň bilen äht edişdi.


Şunlukda, «Dawudyň duşmanlarynyň jezasyny, goý, Rebbiň Özi bersin» diýip, Ýonatan Dawudyň kowumy bilen äht edişdi.


Ýonatan oňa: «Aýdýanyň näme?! Kakamyň saňa ýamanlyk etjegini bilerin-de, heý, onam saňa aýtmarynmy?!» diýdi.


Soňra ol ikisi Rebbiň öňünde äht edişdiler. Dawut Horeşde galdy, Ýonatan bolsa öýüne gitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ