Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 20:5 - Mukaddes Kitap

5 Dawut Ýonatana şeýle diýdi: «Ertir Täze Aý baýramydyr. Men patyşa bilen bile nahar edinmelidirin. Ýöne sen maňa gitmäge we üçünji gün agşama çenli meýdanda gizlenmäge rugsat ber.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Давут Ёнатана шейле дийди: «Эртир Тәзе Ай байрамыдыр. Мен патыша билен биле нахар эдинмелидирин. Йөне сен маңа гитмәге ве үчүнҗи гүн агшама ченли мейданда гизленмәге ругсат бер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 20:5
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adamsy ondan: «Bu gün aýyň başy däl ýa-da Sabat güni däl. Sen näme üçin onuň ýanyna şu gün gitjek?» diýip sorady. Aýaly hem: «Hemme zat gowy, alada etme» diýip jogap berdi.


Hudaýa bil baglaýan, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin?


Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.


Paýhasly adam howpy görüp gizlenýändir, nadan göni gidip jeza alýandyr.


Siz diýersiňiz: «Täze Aý baýramy geçsedi, gallamyzy satarys; Sabat güni basym ötsedi, bugdaýmyzy bazara çykararys. Ölçegi kiçeldip, bahany ulaldyp, galp terezi bilen adamlary aldarys.


Şat günüňizde, bellemeli baýramlaryňyzda we her aýyň başynda, ýakma we salamatlyk gurbanlygyňyzyň başynda surnaýlary çalyň. Olar siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýatlanmagyňyz üçin hyzmat eder. Hudaýyňyz Reb Mendirin».


Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.


Şonda Isany daşlamakçy boldular, emma Ol gizlenip, ybadathanadan çykyp gitdi.


Şonda doganlar Pawlusy şobada deňziň kenaryna ugratdylar. Silas bilen Timoteos bolsa Beriýada galdylar.


Şonuň üçin hem hiç kim size azyk-owkat, dini baýram, Täze Aý ýa-da Sabat güni hakda höküm çykarmasyn.


Ol Dawuda: «Kakam seni öldürmegi ýüregine düwdi. Ertir daňdan hüşgär bol; bir amatly ýer tap-da gizlen.


Soňra Ýonatan Dawuda: «Ertir Täze Aý baýramy. Seniň ýokdugyň ornuňyň boşdugyndanam belli bolar.


Birigün uzak ýöräp, git-de, öňki saparky gizlenen ýeriňde gizlen we daşyň ýanynda maňa garaş.


Şeýdip, Dawut meýdanda gizlendi. Täze Aý baýramçylygy başlananda, patyşa gelip, saçak başyna geçdi.


Emma Täze Aý baýramynyň ertesi güni hem Dawudyň orny boşdy. Şawul ogly Ýonatana: «Ýyşaýyň ogly näme baýramçylykda düýnem, bu günem görünmedi?» diýdi.


Ýonatan Dawuda: «Seniň üçin islän zadyňy ederin» diýdi.


Eger kakaň meniň ýokdugymy biläýse, onda oňa: „Dawut öz galasy Beýtullahama gitmek üçin rugsat sorap, maňa köp ýalbardy. Çünki olar tutuş urug bolup gurbanlyk berýän ekenler“ diýersiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ