Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 20:41 - Mukaddes Kitap

41 Oglanjyk giden badyna Dawut günorta tarapdan peýda boldy. Ol ýüzüni ýere berip, üç gezek tagzym etdi. Soňra Ýonatan ikisi ogşaşyp aglaşdylar. Dawut has köp aglady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

41 Огланҗык гиден бадына Давут гүнорта тарапдан пейда болды. Ол йүзүни ере берип, үч гезек тагзым этди. Соңра Ёнатан икиси огшашып аглашдылар. Давут хас көп аглады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 20:41
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra ol Raheli ogşap, içigip-içigip aglady.


Laban öz ýegeni Ýakubyň gelendigini eşidip, ylgap onuň öňünden çykdy. Ol Ýakuby gujaklap ogşady; ony öýüne alyp gaýtdy. Ýakup Labana bolup geçen wakalaryň hemmesini gürrüň berdi.


Emma Ysaw Ýakuba tarap ylgady; ol Ýakubyň boýnundan gujaklap, ony ogşady. Olar aglaşdylar.


Ýusup Müsürde häkim bolansoň, ol bütin ýurduň halklaryna galla satýardy. Ýusubyň doganlary gelip, oňa iki bükülip tagzym etdiler.


Olar: «Guluň kakamyz sag-gurgun gezip ýör» diýip, oňa dyza çöküp tagzym etdiler.


Ýusup aglap, ähli doganlaryny gujaklap ogşady. Diňe şondan soň doganlary onuň bilen gepleşmäge başladylar.


Üçünji gün diýlende Şawulyň düşelgesinden ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran bir adam Dawudyň ýanyna geldi. Ol Dawudyň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdi.


Seniň üçin halym teňdir, eý, Ýonatan dogan! Juda eziz bolupdyň maňa. Zenan söýgüsinden-de artykdy söýgiň maňa.


Tekowaly aýal patyşanyň huzuryna bardy-da, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym edip: «Kömek ediň, eý, şahym!» diýdi.


Tutuş goşun Iordan derýasyndan geçdi, patyşa-da geçdi. Ol Barzyllaýy ogşap, oňa pata berdi; Barzyllaý öz öýüne gaýtdy.


Ýonatanyň ogly, Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudyň ýanyna geldi. Ol ýere ýüzin düşüp, patyşa tagzym etdi. Dawut: «Mepiboşet!» diýdi. Ol: «Hawa, men şol guluň!» diýip jogap berdi.


Batşeba patyşanyň öňünde dyza çöküp tagzym etdi. Patyşa ondan: «Näme arzyň bar?» diýip sorady.


Patyşa: «Natan pygamber şu ýerde» diýip habar berdiler. Ol patyşanyň huzuryna geldi we ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi.


Onsoň Batşeba ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi we: «Goý, jenabym Dawut patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.


Şonda olaryň hemmesi boýur-boýur gözýaş döküp, Pawlusy bagryna basdylar, ony ogşadylar.


Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi.


Ýonatan Dawudy janyndan eziz görensoň, onuň bilen äht edişdi.


Ýonatan ýaraglaryny oglanjyga berip: «Al, şulary gala äkit» diýdi.


Soňra Dawut hem gowakdan çykdy-da: «Eý, jenabym, patyşahym!» diýip, Şawulyň yzyndan gygyrdy. Şawul yzyna garanda, Dawut ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi.


Abygaýyl Dawudy görende, eşekden howlukmaç düşdi-de, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ