Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 20:32 - Mukaddes Kitap

32 Soňra Ýonatan kakasy Şawula: «Ol näme üçin ölmeli? Ol näme etdi?» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Соңра Ёнатан какасы Шавула: «Ол нәме үчин өлмели? Ол нәме этди?» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 20:32
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup gaharlanyp, Labana şeýle diýdi: «Beýle yzarlaryň ýaly, meniň näme etmişim, näme günäm bar?


Olaryň ýollaryna öwrenişip, janyňy duzaga düşürmeziň üçin, gaharjaň adam bilen tirkeşme, gyzma adam bilen gatnaşyk açma.


Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar.


Günüň astynda edilýän işleriň iň ýamany şudur: hemmäniň takdyry bir. Ine, ynsanlaryň ýüregi pislikden doludyr; ömürleriniň dowamynda ýüreklerinde telbelik bar. Soňra olar ölülere goşulýandyrlar.


Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler?


Pilat: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar.


Pilat üçünji gezek olara: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men Ondan ölüm jezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň üçin hem Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi.


«Kanunymyza görä bir adamy öňürti diňlemän, näme edenini bilmän, oňa höküm çykarmak dogrumydyr?» diýdi.


«Dawudy diwara çüýläýin» diýen niýet bilen Şawul naýzany oňa tarap zyňdy. Emma Dawut iki gezek zyňlan naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi.


Ýonatan kakasy Şawulyň ýanynda Dawudy taryplap, şeýle diýdi: «Sen öz guluň Dawuda ýamanlyk etme, çünki sen ondan hiç bir ýamanlyk görmediň; gaýtam, sen ondan haýyr gördüň.


Ol janyny howp astyna salyp, Jalut piliştli bilen söweşdi. Şonda Reb tutuş Ysraýyla beýik ýeňiş getirdi. Sen bu işleri görüp hoşal bolduň. Şu zatlardan soň nädip sen Dawuda ýamanlyk etjek? Ol bigünä ahyryn. Ony öldürmäge esas ýok».


Dawut Ramadaky Naýot galasyndan gaçyp gaýtdy we Ýonatanyň ýanyna gelip, oňa: «Men näme etdim? Meniň ýazygym näme? Kastyma çykar ýaly, men seniň kakaňa näme ýamanlyk etdim?» diýdi.


Eger ol „Bolýar“ diýäýse-hä, guluňa ne ýagşy, emma gaharlanaýsa, onda onuň niýetini ýamana düwenligidir.


Ahymelek Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut seniň nökerleriňiň iň wepalysy ahyryn. Ol seniň giýewiň, baş janpenaň hem-de seniň köşgüňde iň hormatly adamdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ