Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 20:30 - Mukaddes Kitap

30 Muny eşiden Şawul Ýonatany gazap bilen dalady: «Wah, hyýanatkär hem azgyn aýalyň dogmasy! Özüň hem-de ýalaňaç ejeň bihaýa bolmadyk bolsaňyz, sen Ýyşaýyň ogluny dost tutunarmydyň? Käşgä, men ony bilmeýän bolsam!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Муны эшиден Шавул Ёнатаны газап билен далады: «Вах, хыянаткәр хем азгын аялың догмасы! Өзүң хем-де ялаңач эҗең бихая болмадык болсаңыз, сен Йышайың оглуны дост тутунармыдың? Кәшгә, мен оны билмейән болсам!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 20:30
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Akmagy gahar-gazap öldürýär, nadany gabanjaňlyk ýok edýär.


Giň göwünli adamyň düşünjesi köpdür, dargursak bolsa akmaklygy beýgeldýändir.


Danalygyň dilinden bilim ýaýraýar, akmagyň agzyndan akmaklyk çykýar.


Patyşanyň gazaby arslan nagrasy kimindir, onuň razylygy bolsa otlaryň üstüniň çygy ýalydyr.


Gaty gaharjaň adam jeza çeker, eger ony halas etseň, muny ýene gaýtalamaly bolarsyň.


Çendenaşa bihaýa iş edýän gedem hem tekepbir adamyň ady masgaralaýjydyr.


Özüne buýrup bilmeýän kişi diwarsyz, weýran edilen şäher kimindir.


Daş agyrdyr, çäge ýükdür, ýöne akmagyň meçew bermegi ol ikisinden-de agyrdyr.


Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Her hili öýke-kine, gahar-gazap, paýyş sözler aýtmak we töhmet atmak ýaly ýigrenji häsiýetler sizden daş bolsun.


Eý, atalar, siz hem çagalaryňyzyň gaharyny getirmäň. Gaýtam, olary Rebbiň terbiýesi hem öwüdi bilen ulaldyň.


Ýyşaýyň ogly ýer ýüzünde diri gezip ýörse, özüňe-de, patyşalygyňa-da rahatlyk bolmaz. Häziriň özünde adam iber-de, ony meniň ýanyma getirt, onuň başy ölümli».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ