Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 20:3 - Mukaddes Kitap

3 Dawut hem ant içip, şeýle diýdi: «Meni sulhuň alýandygyny kakaň gaty gowy bilýär; kakaň „Muny Ýonatana eşitdirmeli däl, eger eşidäýse, ol gynanar“ diýip pikir edýär. Ýöne Rebden hem senden ant içýärin, indi men ajalyň öň ýanynda durun».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Давут хем ант ичип, шейле дийди: «Мени сулхуң аляндыгыны какаң гаты говы билйәр; какаң „Муны Ёнатана эшитдирмели дәл, эгер эшидәйсе, ол гынанар“ дийип пикир эдйәр. Йөне Ребден хем сенден ант ичйәрин, инди мен аҗалың өң янында дурун».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 20:3
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ytaý Dawut patyşa: «Rebden hem-de şa hezretlerinden ant içýärin; ha ölüm bolsun, ha ömür – parhy ýok, şa hezretleri nirede bolsa, guluňyz hem şol ýerde bolar» diýdi.


Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Beýtele gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Beýtele gitdiler.


Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Ýeriho gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebbiň we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Ýeriho gitdiler.


Ylýas Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Iordan derýasyna gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi-de bile tirkeşip, ýollaryny dowam etdirdiler.


Sidkiýa patyşa gizlinlikde ant içip, Ýermeýa: «Bize bu jany beren diri Rebden ant içýärin, seni öldürmerin we janyňyň kastyna çykanlaryň eline seni bermerin» diýdi.


Janyňyz suw üstünde bolar. Siz gije-gündiz gorkuda bolup, sizde ýaşaýşa hiç hili umyt bolmaz.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň we Onuň adyndan ant içiň.


Adamlar özünden beýik biriniň adyndan kasam edýärler. Kasam aýdylan zady tassyklap, ähli jedelleri çözýär.


Hanna Eliýä ýüzlenip: «Eý, agam, ömrüň uzak bolsun! Men şu ýerde huzuryňda durup, Rebden dileg eden aýal.


Dawudyň Jalut piliştli bilen uruşmaga barýanyny görende, Şawul öz goşunbaşysy Abnerden: «Bu ýigit kimiň ogly, Abner?» diýip sorapdy. Abner: «Patyşanyň ömri uzak bolsun, bilmedim» diýip jogap beripdi.


Ýonatan oňa: «Aýdýanyň näme?! Sen ölmersiň. Wajyp bolsun, bolmasyn, parhy ýok, kakam menden ýaşyryn hiç zat etmeýär. Onsoň muny näme üçin ýaşyrsyn. Ýok, beýle zat bolup bilmez» diýdi.


Ýonatan Dawuda: «Seniň üçin islän zadyňy ederin» diýdi.


Seni gan dökmekden we ar almakdan Rebbiň Özi saklapdyr. Indi, eý, agam, Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, agam, saňa ýamanlyk etmek isleýän duşmanlaryň, goý, Nabal ýaly bolsun.


Dawut öz ýanyndan şeýle diýdi: «Günlerde bir gün men Şawulyň elinden heläk bolaryn. Gowusy, men piliştlileriň ýurduna gaçaýyn. Şeýtsem, Şawul meni Ysraýylyň çäginden tapmak umydyny üzer; men onuň elinden halas bolaryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ