Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 20:16 - Mukaddes Kitap

16 Şunlukda, «Dawudyň duşmanlarynyň jezasyny, goý, Rebbiň Özi bersin» diýip, Ýonatan Dawudyň kowumy bilen äht edişdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Шунлукда, «Давудың душманларының җезасыны, гой, Реббиң Өзи берсин» дийип, Ёнатан Давудың ковумы билен әхт эдишди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 20:16
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Dawut Aýanyň gyzy Rispanyň Şawula dogrup beren iki ogluny: Armony bilen Mepiboşedi, şeýle hem Şawulyň gyzy Merabyň meholaly Barzyllaýyň ogly Adryýele dogrup beren bäş ogluny alyp,


Ahykamyň ogly, Şapanyň agtygy Gedalýa olara we olaryň goşunyna ant içip, şeýle diýdi: «Babyllylara gulluk etmekden gorkmaň. Ýurtda galyp, Babyl patyşasyna gulluk ediň. Şonda özüňize oňat bolar.


Hudaýyňyz Rebbe sadaka aýdan bolsaňyz, ony gijikdirmän beriň, çünki Hudaýyňyz Reb aýdan sadakaňyzy sizden hökman talap eder. Eger siz ony ýerine ýetirmeseňiz, günä gazanarsyňyz.


Eger biz gurbanlyk sypamyzy Rebbi ret etmek üçin guran bolsak, onuň üstünde ýakma gurbanlygyny ýa galla sadakasyny, ýa-da salamatlyk gurbanlygyny bermek üçin guran bolsak, onda Rebbiň Özi bize berk jeza bersin.


Ýonatan Dawudy janyndan eziz görensoň, onuň bilen äht edişdi.


Soňra Ýonatan Dawuda: «„Özümize hem-de neslimize Reb ebedilik şaýat bolsun“ diýip, ikimiz hem Rebden äht edişdik ahyryn. Bar, indi sen arkaýyn gidiber» diýdi.


Şonuň üçin meniň garşyma dildüwşük guradyňyzmy? Oglumyň Ýyşaýyň ogly bilen ülpet bolandygyny maňa habar bereniňiz bolmady. Bu günki gün, görşüňiz ýaly, oglum öz nökerimi meniň garşyma duzak gurmaga iteklände, biriňiziň-de maňa nebsiňiz agyrmady, ol hakda maňa dil ýarmadyňyz».


Soňra ol ikisi Rebbiň öňünde äht edişdiler. Dawut Horeşde galdy, Ýonatan bolsa öýüne gitdi.


Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin».


Seni gan dökmekden we ar almakdan Rebbiň Özi saklapdyr. Indi, eý, agam, Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, agam, saňa ýamanlyk etmek isleýän duşmanlaryň, goý, Nabal ýaly bolsun.


Piliştliler Şawulyň we onuň ogullary Ýonatanyň, Abynadabyň hem-de Malkyşuwanyň yzyndan kowup ýetip, onuň ogullaryny öldürdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ