Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 20:13 - Mukaddes Kitap

13 Emma ol ýamanlyk etmegi ýüregine düwäýse, menem ony saňa ýetirmesem, seni sag-salamat ýola salmasam, onda, goý, Reb maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin. Reb kakama ýar bolşy ýaly, saňa-da ýar bolsun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Эмма ол яманлык этмеги йүрегине дүвәйсе, менем оны саңа етирмесем, сени саг-саламат ёла салмасам, онда, гой, Реб маңа-да шоны, хатда ондан-да бетерини гөркезсин. Реб какама яр болшы ялы, саңа-да яр болсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 20:13
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin».


Soňra ähli halk Dawudyň ýanyna gelip, Gün batmazdan öň bir zatlar garbanmagy teklip etdiler. Emma Dawut: «Eger Gün ýaşýança çörek iýsem ýa-da başga bir zat datsam, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýip ant içdi.


Ýöne Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin.


Reb jenabym bilen bolşy ýaly, Süleýman bilen hem bolup, onuň şalygyny jenabym Dawut patyşanyň şalygyndan-da has gülletsin».


Onsoň Izebel Ylýasa çapar ýollap: «Ertir şu wagtlar men seniň özüňi hem şol öldürilen pygamberleriň gününe salmasam, goý, onda hudaýlar maňa-da muny we mundanam beterini görkezsin» diýdi.


Benhadat ýene-de çaparlaryny Ahabyň ýanyna ýollap, şeýle diýdi: «Men Samariýany ýer bilen ýegsan etmek üçin ägirt uly goşun getirerin. Eger Samariýadan esgerlerimiň owuçlaryny doldurmaga ýeterlik toz tapylsa, goý, onda hudaýlar maňa muny we mundanam beterini görkezsin».


Indi, oglum, goý, Reb saňa ýar bolsun. Reb sen barada aýdyşy ýaly, Hudaýyň Rebbe öý gurmaklyk işiň şowuna bolsun.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Menden öwrenen, kabul eden, eşiden we gören zatlaryňyzy amal ediň. Şonda parahatlyk berýän Hudaý siziň bilen bolar.


Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn.


Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi.


Şol alamatlar ýerine ýetende, sen göwnüňe gelenini edip bilersiň, çünki Hudaý saňa ýardyr.


Ysraýyla şa bolandan soň, Şawul töweregindäki duşmanlarynyň ählisine: mowap, ammon, edom halklaryna, Soba şalaryna we piliştlilere garşy uruşlar alyp bardy. Baran ýerinde-de, ol ýeňiş gazandy.


Dawut sözüni dowam edip: «Meni ýolbarsdyr aýynyň penjesinden halas eden Reb şu piliştliniň elinden hem halas eder» diýdi. Şawul Dawuda: «Bar, Reb saňa ýar bolsun!» diýdi.


Şawul Dawutdan gorkýardy, sebäbi Reb onuň bilendi, Şawuly bolsa Reb terk edipdi.


Menem seniň meýdanda gizlenen ýeriňe bararyn we kakamyň ýanynda durup, onuň bilen sen hakda gepleşerin. Eger bir zat aňaýsam, saňa habar bererin» diýdi.


Ýonatan Dawuda: «Ysraýyl Hudaýy Reb şaýat bolsun! Men ertir ýa-da birigün şu wagtlara çenli kakamyň niýetini biljek bolaryn. Eger sen babatda onuň niýeti düzüw bolsa, men saňa habar ýetirerin.


Dirikäm Reb kimin maňa wepaly bol. Ölenimden soň bolsa, hatda Reb seniň ähli duşmanlaryňy ýer ýüzünden ýok etse-de, meniň neslime hemişe wepaly bol».


Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin».


Eliý Şamuwele: «Ol saňa näme diýdi? Menden ýaşyrma. Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizläýseň, goý, Hudaý saňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ