Şeýdip, Ýehu turup, ýaş pygamber bilen bile içeri girdi. Ýaş pygamber hem onuň depesinden ýag guýup, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men seni Öz halkym bolan Ysraýyla patyşalyga belleýärin.
Baýlyklardyr sylag-hormat Senden gelýär, Sen ählisiniň üstünden höküm sürýärsiň. Güýç hem kuwwat Seniň eliňdedir. Ähli zady belent ýa-da kuwwatly etmek Seniň eliňdedir.
Hizkiýada ummasyz köp baýlyk bolup, onuň şan-şöhraty beýgeldi. Ol özüne kümüş, altyn, gymmatbaha daşlar, hoşboý ysly zatlar, galkanlar we her hili gymmatbaha zatlar üçin hazynalar edindi.
Ýurduň ähli agaçlary belent agajy peseldýäniň, pes agajy beýgeldýäniň, ýaşyl agajy guradýanyň, guran agajy gögerdýäniň Meniň Rebdigimi bilerler. Muny Men-Reb aýdýandyryn, amala-da aşyraryn».