Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 2:5 - Mukaddes Kitap

5 Doklar bir döwüm çörek üçin günlükçi boldular, açlar bolsa doýdular. Önelgesiz aýal ýedi çaga dogurdy, köp çagaly aýal perzentsiz galdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Доклар бир дөвүм чөрек үчин гүнлүкчи болдулар, ачлар болса дойдулар. Өнелгесиз аял еди чага догурды, көп чагалы аял перзентсиз галды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 2:5
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bize däl, ýa Reb, bize däl, söýgiň we wepadarlygyň hatyrasyna şan-şöhrat ber Sen Özüňe!


Şeýle diýer meniň ähli süňklerim: «Ýa Reb, eýsem Sen ýaly barmy? Sen ejizi gutarýarsyň güýçlüden, pukaradyr mätäçleri – talaňçysyndan».


Ýurt ýas tutup, ruhdan düşýär, Liwan utançdan saralyp-solýar, Şaron Araba çöli kimindir; Başan we Karmel ýapraklaryny dökýär.


Reb: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk, önelgesiz, burguda bolmadyk, begençden aýdym aýt! Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» diýýär.


Ýedi çagaly aýal demi-demine ýetmän jan berdi. Onuň güneşi gündiziň güni ýaşdy, ol utanja galyp, masgara boldy. Galanlaryny bolsa duşmanlarynyň öňünde gylyja tabşyraryn». Muny Reb aýdýandyr.


Açlary näz-nygmatdan doýrup, baýlary bolsa boş gaýtardy.


Emma Ybraýym oňa: „Eý, ogul! Sen öz ýaşaýşyňda ýagşy zatlary alanyňy, Lazaryň bolsa ejir çekenini ýadyňa sal. Indi bolsa ol bu ýerde rahatlyk görýär, emma sen ejir çekýärsiň.


Mukaddes Ýazgylarda: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk önelgesiz, burguda bolmadyk, begençden aýdym aýt! Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» – diýip ýazylgydyr.


Ol seniň durmuşyňy täzelär. Garranyňda, ol saňa arkadaýanç bolar. Seniň üçin ýedi oguldan hem artyk bolan bu gelniň saňa ogul dogrup berdi, ol seni söýýär» diýdiler.


Şeýlelikde, Hanna göwreli bolup, bir ogul dogurdy. «Men muny Rebden diläp aldym» diýip, ol oglunyň adyna Şamuwel dakdy.


Rebbiň perzent bermeýändigi sebäpli, Hannanyň günüsi ony ynjadardy, kemsiderdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ