Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 2:30 - Mukaddes Kitap

30 Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Шонуң үчин хем Ысрайыл Худайы Реб шуны айдяр: „Сениң өз неслиң-де, ата-бабаңың несли-де хемишелик Мениң хузурымда гезер дийип, Мен өң сөз берипдим. Эмма инди Мен-Реб муны айдяндырын: гайтмышым болсун, чүнки Мен Өзүми сыланы сыларын, әсгермезлик эдени болса рысва эдерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 2:30
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Seniň Meniň bilen eden ähtiňi bilgeşleýin bozup, Meniň saňa tabşyran parzlarymy saklamandygyň üçin, Men patyşalygy hökman seniň eliňden alyp, ony köşk emeldarlaryňyň birine bererin.


Şeýdip, Süleýman Abýatary Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmeklik hukugyndan mahrum etdi. Şeýdip, Rebbiň Şilodaky Eliý we onuň nesilleri baradaky aýdan sözleri berjaý boldy.


Öz guluňa beýle hormatyň üçin Dawut Saňa näme diýip biler? Sen Öz guluňy tanaýarsyň ahyryn!


Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.


Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp, oňa şeýle diýdiler: «Eý, Uzyýa, Rebbe ýakymly ysly tütetgi ýakmak seniň işiň däl, ol Harunyň neslinden bolan, mukaddes edilen ruhanylaryň işidir. Sen mukaddes öýden çyk, çünki sen hyýanat etdiň. Bu iş saňa Hudaýymyz Rebden hormat getirmez».


Öz ähtiňi ýatla, çünki ýurduň ähli buky ýerleri zulum öýlerinden ýaňa dos-doly.


Olar ekilendir Rebbiň öýünde, gülleýärler Hudaýymyzyň howlularynda.


Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.


Harun we onuň ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmek üçin girenlerinde ýa-da mukaddes ýerdäki gurbanlyk sypasynyň ýanyna baranlarynda bu geýimleri geýsinler. Şeýtseler, günäni öz üstlerine almazlar we ölmezler. Bu Harun üçin we onuň soňky nesilleri üçin ebedilik düzgün bolsun.


Olara bil guşaklaryny daň we başdaňylaryny daň. Haruny we onuň ogullaryny ruhany edip belle. Ruhanyçylyk olar üçin ebedilik düzgün bolsun.


Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.


Oňa hormat goý, ol seni göge göterer; ony bagryňa bas, ol seni şöhratlandyrar.


Meni söýýänleri söýýärin, meni yhlas bilen agtarýanlar tapýarlar.


Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.


Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Nehelamly Şemagýa Men-Rebbiň garşysyna gepländigi üçin ony we onuň neslini jezalandyraryn. Bu halkyň arasynda onuň neslinden ýekeje kişi hem aman galmaz, Meniň Öz halkyma etjek ýagşylygymy görmez. Muny Reb aýdýandyr“».


«Men seni milletler arasynda kiçelderin, ynsanlar arasynda ýigrenje duçar ederin.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men çopanlara garşydyryn! Sürim üçin olardan hasabat soraryn we indi goýun bakdyrmagy goýduraryn. Gaýdyp, çopanlar özlerini bakmazlar; Men goýunlarymy olara iýmit bolmaz ýaly agyzlaryndan halas ederin».


Indi men Nebukadnesar gögüň Patyşasyny öwgi bilen beýgeldip hormatlaýaryn. Çünki Onuň ähli işleri hakykat, ýollary adalatdyr. Tekepbirleri peseltmäge Onuň güýji ýetýändir.


Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.


Men siziň tohum-tijiňizi ýazgararyn. Baýramçylyklarda gurban edýän mallaryňyzyň dersini ýüzüňize sürterin we siz huzurymdan äkidilip, derse taşlanarsyňyz.


eýsem, tutuş bir aýlap, tä aşa düşýänçäňiz, tä irýänçäňiz et iýersiňiz. Çünki siz araňyzda bolan Rebbi ret etdiňiz we Onuň huzurynda: „Näme üçin biz Müsürden çykdyk?“ diýip agladyňyz».


Meniň mekan tutan topragymy, ýagny öz ýaşaýan ýeriňizi haramlamaň. Çünki ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan Reb Mendirin».


Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar.


Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir.


Siz biri-biriňizden öwgüler kabul edýärsiňiz, emma ýeke-täk Hudaýyň öwgüsini gazanmaga çalyşmaýarsyňyz. Onsoň nädip sizde iman bolsun?


Isa olara jogap berip: «Meni jyn uranok! Men Atamy hormatlaýaryn, emma siz Meni hormatlamaýarsyňyz.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.


Soňra agaçlar injir agajyna: „Gel-de, sen bize patyşa bol“ diýip ýüz tutupdyrlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ