Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Buýsançdan doly sözlerden el göter. Ulumsylyk bilen gep urma, çünki ähli iş Rebbe aýandyr. Hemmesine kazylyk edýän Şoldur.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Буйсанчдан долы сөзлерден эл гөтер. Улумсылык билен геп урма, чүнки әхли иш Реббе аяндыр. Хеммесине казылык эдйән Шолдур.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 2:3
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

şonda Sen gökde Öz mesgeniňde eşit-de, olary bagyşla we olara ýardam et. Her kese eden işine görä jogap ber, çünki her ynsanyň ýüregini diňe Sen bilýänsiň.


Hudaý adyl höküm etsin, meniň päkdigimi bilsin.


Gar ýagdyryp, ýeri ak ýorgana büreýär, kül kimin gyrawy Ol sepeleýär.


Ol gökleri böwsüp, aşaga indi, zulmat aýaklarynyň astynda bardy.


Sen nur deý şöhle saçýarsyň, awlaglara baý bolan daglardan dabaralysyň.


Onuň elindedir ýer çuňluklary, Onuňkydyr dagyň çür depeleri.


Adamyň ähli ýollary öz gözüne sapdyr, ýöne ruhuňa syn edýän Rebdir.


Eger sen: «Biz bilmedik» diýseň, ýürekleri Synaýan muny bilmezmi? Seniň janyňy Goraýan ony aňmazmy? Ol her kime işine laýyk gaýtarmazmy?


Rebden gorkmak ýamanlygy ýigrenmekdir. Men tekepbirligi hem ulumsylygy, ýamanlyk ýoluny, ýalançy dili ýigrenýärin.


Dogrularyň ýoly düzdür. Eý, Adyl Bolan, dogrularyň ýodasyny tekizleýärsiň.


Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? Ysraýylyň Mukaddesine!


«Men-Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn».


Sen diliň bilen Maňa garşy gedemlik etdiň, Meniň garşyma biderek ýaňradyň, Men muny eşitdim».


TEKEL sen terezide çekildiň we ýeňil çykdyň.


Reb: «Maňa garşy bihaýa sözler aýtdyňyz» diýýär. Siz bolsa: «Biz Saňa garşy näme aýdypdyrys?» diýýärsiňiz.


Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir.


«Reb hudaýlaryň Hudaýydyr! Reb hudaýlaryň Hudaýydyr! Ol bilýändir, goý, ysraýyl halky hem bilsin: eger biz Rebbe boýun egmezlik ýa-da dönüklik eden bolsak, siziň bu gün bize rehimiňiz inmesin!


Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.


Zebul oňa: «Hany indi seniň „Biz Abymelege gulluk eder ýaly, ol kimmişin?“ diýen diliň nirede? Bular seniň şol äsgermedik adamlaryň dälmi näme? Bar, indi çyk-da, olar bilen söweş-dä!» diýdi.


Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ