Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 2:25 - Mukaddes Kitap

25 Eger adam adamyň garşysyna günä etse, Hudaý olara aralykçy bolar. Emma adam Rebbiň garşysyna günä etse, onda ony kim gorar?» Emma Eliýiň ogullary öz kakasynyň sözüne gulak asmadylar, çünki Reb olary öldürmegi ýüregine düwüpdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Эгер адам адамың гаршысына гүнә этсе, Худай олара аралыкчы болар. Эмма адам Реббиң гаршысына гүнә этсе, онда оны ким горар?» Эмма Элийиң огуллары өз какасының сөзүне гулак асмадылар, чүнки Реб олары өлдүрмеги йүрегине дүвүпди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 2:25
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onan Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi.


Emma Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi.


Bir adam başga bir adama garşy günä edip, ant içmäge mejbur edilse, ol gelip, şu öýde Seniň gurbanlyk sypaňyň öňünde günäsizdigine ant içse,


şonda Sen gökde eşit-de, oňa jogap ber. Gullaryňa höküm edip, günälä günäsine görä jeza ber, günäsizi akla-da, dogrulygyna görä syla.


Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Hudaý tarapyndan şeýle tamamlanypdy.


Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin, Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi.


Wah, ikimizi-de diňläp, elini üstümize goýar ýaly, aramyzda bir araçy bolsady!


Seniň diliň düzýär weýrançylyklary, ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.


Akylly ogul atasynyň öwredenini diňleýär, masgaralaýjy bolsa käýinje gulak asmaýar.


Dogry ýoly terk edýän berk jeza alar, terbiýäni ýigrenýän ölüme barar.


Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.


Öldürmegiň öz wagty bar, şypa bermegiň öz wagty; ýumurmagyň öz wagty bar, dikeltmegiň öz wagty.


Emma asly ysraýyl bolan biri ýa-da gelmişeklerden biri tekepbirlik bilen günä iş edip, Rebbe dil ýetirse, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn.


Siz kazylyk edeniňizde, tarapgöýlik etmeli dälsiňiz: uly dawany-da, kiçi dawany-da deň diňläň. Hiç kimden gorkmaň, çünki çözgüt Hudaýdandyr. Size çözmesi kyn düşen dawany maňa getiriň, ony özüm diňlärin“ diýdim.


Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.


Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir.


Eger biz hakykat bilimini kabul edenimizden soňam bilgeşleýin günä etsek, günäleri bagyşlamak üçin indi gurbanlyk ýokdur.


Diňe garaşylýan howply höküm güni we Hudaýyň duşmanlaryny ýakyp-ýandyryjy ot bardyr.


Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.


Çünki ysraýyllara garşy söweşmekleri üçin olaryň ýüreklerini gatadan hut Rebbiň Özüdi. Edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar olara hiç hili rehim-şepagat etmän, bütinleý ýok etdiler.


Şoňa görä Eliýiň maşgalasynyň günäsi gurbanlyk bilen-de, sadaka bilen-de hiç wagt ýuwulmaz diýip, Men onuň nesline garşy ant içdim».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ