Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 2:2 - Mukaddes Kitap

2 Reb mukaddesdir, Oňa taý bolmaz, Ondan gaýry Hudaý bolmaz, biziň Hudaýymyz deý Gaýa bolmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Реб мукаддесдир, Оңа тай болмаз, Ондан гайры Худай болмаз, бизиң Худайымыз дей Гая болмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 2:2
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm. Halasgärim meni zulumdan halas eýleýär!


Çünki Rebden başga Hudaý ýok! Hudaýymyzdan başga gaýa ýok!


Eý, Hökmürowan Reb, Sen beýiksiň! Saňa taý geljek ýokdur, Senden başga Hudaý ýok! Muny öz gulaklarymyz bilen eşitdik.


«Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, ýerde-de, gökde-de Seniň ýaly Hudaý ýokdur! Bütin kalplary bilen ýoluňdan ýöreýän gullaryň üçin Sen ähtiňi, sadyk söýgiňi saklaýarsyň.


Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, onuň dogrulygy dowam eder ebedi, at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty.


Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.


Onuň şöhratly adyna baky alkyşlar bolsun! Onuň şöhraty tutuş ýeriň ýüzüne dolsun. Omyn! Omyn!


Goý, daglar halka abadanlyk habaryny getirsin, depeler adalaty, goý, yglan etsin.


Olary syryp äkidýärsiň, olar düýş ýaly, olar säher çagy bitýän ot ýaly; ol ir säherde ösüp, gülleýär, agşamyna bolsa orlup, guraýar.


Sen günälerimizi goýduň öňüňde, gizlin günälerimizi – Öz gözleriňiň alnynda.


Ol Beýik Hudaýdyr, siz muny biliň. Ol bizi ýaratdy, biz-de Onuňky, biz – örüsiniň goýunlary we Onuň halky.


Çünki Reb ýagşy, Onuň söýgüsi baky, wepadarlygy – nesillerboýy.


Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.


Onda Hudaýy kime meňzedýärsiňiz? Haýsy meňzetmäni ulanýarsyňyz Onuň üçin?


Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.


Gorkmaň, eýmenmäň, Saňa owaldan aýtmadymmy, bildirmedimmi näme? Siz Meniň şaýatlarym! Hudaý barmy Menden başga? Başga Gaýa ýokdur, hiç birini bilmeýärin».


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».


Saňa meňzeş ýokdur, ýa Reb. Sen beýiksiň, gudratda adyň beýikdir.


Hudaýyňyz Reb Mendirin. Şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň.


Men – Reb sizi Müsür topragyndan siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp geldim. Siz mukaddes bolmalysyňyz, çünki Men mukaddesdirin“».


«Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Mukaddes boluň, çünki Men, siziň Hudaýyňyz Reb, mukaddesdirin.


Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlaryň bary bize taglym öwretmek üçin ýazylandyr. Biz Mukaddes Ýazgylar arkaly sabyr-takatly bolmagy öwrenýäris, olaryň berýän tesellisi arkaly umytlydyrys.


Reb tarapyndan etmişi hasaba alynmaýan adam nähili bagtly!»


„Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz beýikligiňi we gudratyňy guluňa ýaňy görkezip başladyň. Ýerde we gökde haýsy hudaý Seniňki ýaly işleri we gudratlary amala aşyryp biler!


Ol diýdi: „Gizläýin olardan ýüzümi, soňuny göreýin olaryň. Çünki biderek nesildir olar, biwepa perzentlerdir.


Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


Bular size Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga hiç bir Hudaýyň ýokdugyny bilmegiňiz üçin görkezildi.


Indi bilip goýuň we ýadyňyzda saklaň, çünki ýokarda – gökde, aşakda – ýerde Reb Beýik Hudaýdyr. Ondan başga hiç Hudaý ýokdur.


Sebäbi: «Mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin» diýlip ýazylandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ