Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 2:12 - Mukaddes Kitap

12 Eliýiň ogullary ruhany bolsalar-da, ýaramazdylar. Olar Rebbi sylamaýardylar,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Элийиң огуллары руханы болсалар-да, ярамаздылар. Олар Ребби сыламаярдылар,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 2:12
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň garşysynda hem iki sany deýýus adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Nabody galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň».


Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.


Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar. Kazylar Meni tanamadylar, ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar, pygamberler Bagal butunyň adyndan pygamberlik edip, biderek zatlaryň yzyna eýerdiler.


Ol garybyň, mätäjiň hakyny alyp berdi; munuň üçin onuňky ugruna boldy. Bu Meni tanamagyň manysy dälmidir? Muny Reb aýdýandyr.


«Ýalan üçin dillerini ýaý kimin egreldýärler. Ýurtda olaryň güýji nädogrulyk bilen güýçlenýär, çünki pislik üstüne pislik edýärler, Meni asla tanamaýarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Zulum üstüne zulum, ýalan üstüne ýalan ýagýar! Olar Meni tanamakdan ýüz öwürýärler. Muny Reb aýdýandyr.


Onuň ruhanylary kanunlarymy basgyladylar, mukaddes zatlarymy harladylar; mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň arasynda parh goýmadylar, haramyň we halalyň nämedigini halka öwretmediler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryna biperwaý garadylar; Men olaryň arasynda äsgermezçilige duçar boldum.


Olar bu işleri Atam bilen Meni tanamaýandyklary üçin ederler.


Baky ýaşaýyş bolsa, Seni, ýagny ýeke-täk hak Hudaýy we Seniň iberen Isa Mesihiňi tanamakdyr.


Ýöne siz Ony tanamaýarsyňyz, Men Ony tanaýaryn. Eger Ony tanamaýaryn diýsem, onda Men hem siziň ýaly ýalançy bolaryn. Emma Men Ony tanaýaryn we Onuň sözüni ýerine ýetirýärin.


Olar Hudaý hakda bilseler-de, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrmadylar, Oňa şükür etmediler. Tersine, boş pikirlere ulaşyp, ýüreklerini tümlük gaplady.


Isa Mesih bilen şeýtanyň arasynda ylalaşyk, heý-de, bolup biljek zatmy? Imanly bilen imansyzyň näme şärikligi bar?


galanyň ýaşaýjylaryny tanamaýan hudaýlaryna gulluk etmäge çagyryp, olary ýoldan çykarmakda baş bolandyklaryny eşitseňiz,


yzarlap derňäň we gowy sorag-ideg ediň. Eger günäkärlenme dogry tapylyp, bu nejis iş araňyzda edilen bolsa,


Olar ýaňy bir ýazylyp-ýaýnanlarynda, galanyň azgyn adamlary jaýyň daşyny gabadylar. Gapyny ýumruklap, öýüň hojaýynyna: «Öýüňe gelen erkegi daşaryk çykar, biz ony zorlajak» diýip gygyrdylar.


Şeýlelik bilen, tutuş bir nesil dünýäden ötdi we bu öňki nesliň deregine Rebbi bilmeýän we Onuň Ysraýyl üçin eden işlerinden habarsyz başga bir nesil kemala geldi.


Käbir ýaramaz adamlar bolsa: «Şolmy indi bizi gorajak?» diýşip, oňa pisint etmediler. Olar oňa sowgat-serpaý-da etmediler, ýöne Şawul olara üns bermedi.


Indi şuny bil-de, näme etmelidigiň hakda oýlan, çünki biziň hojaýynymyza we onuň tutuş maşgalasyna garşy erbet karara gelnendir. Nabalyň häsiýeti juda ýaramaz, onuň bilen gepleşip bilýän adam ýok».


Onuň neslini ebedilik jezalandyrjakdygymy Men oňa aýdypdym. Çünki ol ogullarynyň Maňa dil ýetirendiklerini bilip hem, olary bu işden saklamady.


Şamuwel heniz Rebbi ýakyndan tanamaýardy, Rebbiň sözi Şamuwele entek aýan bolmandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ