Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 19:5 - Mukaddes Kitap

5 Ol janyny howp astyna salyp, Jalut piliştli bilen söweşdi. Şonda Reb tutuş Ysraýyla beýik ýeňiş getirdi. Sen bu işleri görüp hoşal bolduň. Şu zatlardan soň nädip sen Dawuda ýamanlyk etjek? Ol bigünä ahyryn. Ony öldürmäge esas ýok».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Ол җаныны ховп астына салып, Җалут пилиштли билен сөвешди. Шонда Реб тутуш Ысрайыла бейик еңиш гетирди. Сен бу ишлери гөрүп хошал болдуң. Шу затлардан соң нәдип сен Давуда яманлык этҗек? Ол бигүнә ахырын. Оны өлдүрмәге эсас ёк».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 19:5
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

emma Elgazar ýerinden gozganmady; ol surnugýança, hatda eli gylyja ýelmeşýänçä söweşip, piliştlileri gyrdy. Reb şol gün beýik ýeňiş berdi. Halk onuň yzyna diňe olja ýygnamak üçin düşdi.


ýöne Elgazar bilen Dawut meýdançanyň ortarasynda durup, şol ýeri goradylar we piliştlileri gyrdylar. Reb olary uly ýeňiş bilen halas etdi.


Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdiler. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi.


Taňry seniň tarapdaryňdyr: Ol gazaba münen gününde şalary kül-peýekun eder.


Çünki söýgiň gözlerimiň alnynda, gezdim men Seniň sadyklygyňda.


Maňa «haý, haý!» diýýänler, utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.


Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz.


Emma şuny berk bilip goýuň, eger meni öldürseňiz, bu şäher-de, munda ýaşaýan ilat bilen siz-de dökülen bigünä gan üçin jogapkär bolarsyňyz. Hakykatdan hem, bu sözleriň baryny siziň gulagyňyza ýetirmegim üçin meni Reb ýollady».


Pilat öz elinden hiç zat gelmeýändigini we galmagalyň bolsa barha artýandygyny görensoň, eline suw aldy-da, mähelläniň öňünde elini ýuwup: «Bu adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz. Muňa siz jogapkärsiňiz!» diýdi.


«Men bigünä kişä haýynlyk edip, günä gazandym» diýdi. Olar-da: «Bize näme, muňa özüň jogap berýäň» diýdiler.


Bu bolsa Mukaddes Ýazgylarda: «Meni nähak ýere ýigrendiler» diýip ýazylan sözleriň berjaý bolmagy üçindir.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Çünki ol siziň maňa edip bilmedik hyzmatyňyzyň öwezini dolmak üçin, janyny howp astyna salyp, Mesihiň işiniň ugrunda tas ölüpdi.


Indi biz şundan soň halas bolmagyň bu ajaýyp ýoluny inkär etsek, onda heý-de jezadan halas bolup bilerismi? Halas bolmagyň bu ýoluny owal-başda Reb yglan etdi we muny Isa Mesihiň hut Özünden eşidenler tassykladylar.


Siziň meni halas etmejegiňize gözüm ýetende, men janymy howp astynda goýup, ammonlylaryň üstüne gitdim. Reb olary meniň elime berdi. Indi näme bu gün siz meniň bilen uruşmaga geldiňizmi?»


Meniň kakam siz üçin söweşdi, öz janyny gaýgyrmady. Ol sizi midýanlaryň elinden halas etdi.


Emma Şawul halka: «Bu gün hiç kim öldürilmez, çünki bu gün Ysraýyly Reb halas etdi» diýdi.


Şondan soň halk: «Ýonatany öldürjekmi? Ysraýyly şu beýik ýeňşe ýetireni öldürmekçimi?! Başa barmaz! Rebden ant içýäris, Ýonatana barmagyňam batyrmarsyň. Çünki bu gün ol Hudaýyň ýardam bermegi bilen söweşdi» diýip, Şawula garşylyk görkezdiler. Şeýdip, halk Ýonatanyň başyny ölümden gutardy.


Şawul Ýonatanyň sözüne ynandy we oňa: «Onuň janyna kast etmejekdigime Rebden ant içýärin» diýdi.


Soňra Ýonatan kakasy Şawula: «Ol näme üçin ölmeli? Ol näme etdi?» diýdi.


Ahymelek Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut seniň nökerleriňiň iň wepalysy ahyryn. Ol seniň giýewiň, baş janpenaň hem-de seniň köşgüňde iň hormatly adamdyr.


Ýaňky aýal Şawulyň ýanyna geldi we onuň öler ýaly gorkandygyny görüp, oňa şeýle diýdi: «Gyrnagyň saňa gulak asdy we başyny etegine salyp, seniň diýeniňi etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ