Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 19:4 - Mukaddes Kitap

4 Ýonatan kakasy Şawulyň ýanynda Dawudy taryplap, şeýle diýdi: «Sen öz guluň Dawuda ýamanlyk etme, çünki sen ondan hiç bir ýamanlyk görmediň; gaýtam, sen ondan haýyr gördüň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ёнатан какасы Шавулың янында Давуды тарыплап, шейле дийди: «Сен өз гулуң Давуда яманлык этме, чүнки сен ондан хич бир яманлык гөрмедиң; гайтам, сен ондан хайыр гөрдүң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 19:4
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ruben olara şeýle diýdi: «Men size „oglana sütem etmäň“ diýdim, emma siz maňa gulak asmadyňyz. Ine, indi bizden onuň ölümi üçin ar alynýar».


Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, onuň gany hem ynsan tarapyndan dökülsin. Çünki Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradandyr.


Bir adam başga bir adama garşy günä edip, ant içmäge mejbur edilse, ol gelip, şu öýde Seniň gurbanlyk sypaňyň öňünde günäsizdigine ant içse,


Tekepbiriň aýagy meni basgylamasyn, erbet adamlaryň eli meni kowmasyn.


Sen ýeri sarsdyrdyň, ony jaýyrdyň, ýaryklaryny bejer, titreýändir ol.


Ýagşylyga ýamanlyk gaýtarýanyň öýünden ýamanlyk gitmez.


Ýagşylyga ýamanlyk edilermi? Emma olar janymy almak üçin çukur gazdylar. Gazabyňy olardan sowmak, olara ýagşylyk dilemek üçin, huzuryňda nähili duranymy ýadyňa sal.


Siz öz doganlaryňyzyň ejiz ynsabyny ýaralamak bilen, olara garşy günä edeniňizde, Isa Mesihe garşy günä edýänsiňiz.


Doganyny ýigrenýän adam ganhordyr. Hiç bir ganhoryň bolsa baky ýaşaýşa gowuşmaýandygyny bilýänsiňiz.


Eger adam adamyň garşysyna günä etse, Hudaý olara aralykçy bolar. Emma adam Rebbiň garşysyna günä etse, onda ony kim gorar?» Emma Eliýiň ogullary öz kakasynyň sözüne gulak asmadylar, çünki Reb olary öldürmegi ýüregine düwüpdi.


Soňra Ýonatan kakasy Şawula: «Ol näme üçin ölmeli? Ol näme etdi?» diýdi.


Ahymelek Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut seniň nökerleriňiň iň wepalysy ahyryn. Ol seniň giýewiň, baş janpenaň hem-de seniň köşgüňde iň hormatly adamdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ