Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 19:23 - Mukaddes Kitap

23 Şawul Ramanyň Naýot galasyna tarap barýarka, onuň hem üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Ol tä Naýota barýança ýolboýy joşup, pygamberlik edip gitdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Шавул Раманың Наёт галасына тарап барярка, онуң хем үстүне Худайың Рухы инди. Ол тә Наёта барянча ёлбойы җошуп, пыгамберлик эдип гитди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 19:23
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adam ýüreginden niýet edýär, onuň ädimine bolsa Reb höküm edýär.


Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.


Reb Bilgamyň agzyna aýtmaly sözlerini salyp: «Ballagyň ýanyna bar we oňa şulary aýt» diýdi.


Bilgam seredip, ysraýyl halkynyň düşelgede tire-tire bolup oturandygyny gördi. Şol pursat onuň üstüne Hudaýyň Ruhy indi.


Şol gün köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz Seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi? Seniň adyň bilen arwah-jynlary kowup, köp gudratlar görkezmedikmi?“ diýerler.


Ol muny öz-özünden aýtmady. Şol ýylyň baş ruhanysy bolmak bilen ol Isanyň ýahudy milleti üçin öljegini pygamberlik edip aýtdy.


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


Gibga galasyna gelenlerinde, olar topar tutup gelýän pygamberlere duşdular. Şonda Hudaýyň Ruhy Şawulyň kalbyny eýeledi. Ol pygamberler bilen bile joşup, pygamberlik etmäge başlady.


Ol ýerdäkileriň biri: «Bu pygamberleriň atalary kim bolupdyr-ka?» diýdi. «Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýleni şondan galandyr.


Şondan soň Rebbiň Ruhy seniň kalbyňy eýelär; sen hem olar bilen bile joşup, pygamberlik edersiň we Rebbiň Ruhy seni bütinleý özgerder.


Ertesi Hudaý tarapyndan iberilen jyn-arwah çaltlyk bilen Şawulyň kalbyna girdi. Ol öz öýünde arlamaga başlady. Dawut hemişekisi ýaly lira çalyp otyrdy. Şawulyň elinde naýza bardy.


Gaçyp başyny gutaran Dawut Ramada ýaşaýan Şamuweliň ýanyna gelip, Şawulyň özüne edenleriniň baryny oňa gürrüň berdi. Soňra Şamuwel bilen bile Naýot galasyna gidip, şol ýerde galdy.


Şawul Dawudy tutup getirmek üçin, öz adamlaryny iberdi. Olar Şamuweliň ýolbaşçylygynda joşup, pygamberlik edip ýören pygamberleriň toparyny gördüler. Şonda Şawulyň adamlarynyň-da üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Şunlukda, olar hem joşup, pygamberlik etmäge başladylar.


Ahyrsoňy Rama Şawulyň özi gitdi. Ol Sekudaky ullakan howdanyň ýanyna baryp: «Şamuwel bilen Dawut nirede?» diýip, şol ýerdäkilerden sorady. Olaryň biri: «Olar Ramanyň Naýot galasynda» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ