Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 19:20 - Mukaddes Kitap

20 Şawul Dawudy tutup getirmek üçin, öz adamlaryny iberdi. Olar Şamuweliň ýolbaşçylygynda joşup, pygamberlik edip ýören pygamberleriň toparyny gördüler. Şonda Şawulyň adamlarynyň-da üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Şunlukda, olar hem joşup, pygamberlik etmäge başladylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Шавул Давуды тутуп гетирмек үчин, өз адамларыны иберди. Олар Шамувелиң ёлбашчылыгында җошуп, пыгамберлик эдип йөрен пыгамберлериң топарыны гөрдүлер. Шонда Шавулың адамларының-да үстүне Худайың Рухы инди. Шунлукда, олар хем җошуп, пыгамберлик этмәге башладылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 19:20
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.


Bilgam seredip, ysraýyl halkynyň düşelgede tire-tire bolup oturandygyny gördi. Şol pursat onuň üstüne Hudaýyň Ruhy indi.


Fariseýler halkyň Isa hakyndaky bu pyşyrdylaryny eşitdiler. Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler Ony tutmak üçin garawullary iberdiler.


Pygamberlik edýän bolsa adamlara ýüzlenip, olara öwüt-nesihat berýär, goldaýar, teselli berýär.


Gibga galasyna gelenlerinde, olar topar tutup gelýän pygamberlere duşdular. Şonda Hudaýyň Ruhy Şawulyň kalbyny eýeledi. Ol pygamberler bilen bile joşup, pygamberlik etmäge başlady.


Şawul Dawudy ertir daň bilen öldürmek üçin, onuň öýüni garawullaň diýip, öz adamlaryny iberdi. Aýaly Mikal Dawuda: «Eger-de şu gije başyňy gutarmasaň, ertir seni öldürerler» diýdi.


Dawudy tutmak üçin, Şawulyň iberen adamlaryna Mikal: «Ol syrkawlap ýatyr» diýdi.


Dawudyň Ramadaky Naýot galasyndadygyny Şawula habar berdiler.


Şawul muny eşidip, başga adamlary iberdi, ýöne olar hem joşup, pygamberlik edýänlere goşuldylar. Şawulyň üçünji gezekki iberen adamlary-da öňküleri ýaly boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ