Gaçyp başyny gutaran Dawut Ramada ýaşaýan Şamuweliň ýanyna gelip, Şawulyň özüne edenleriniň baryny oňa gürrüň berdi. Soňra Şamuwel bilen bile Naýot galasyna gidip, şol ýerde galdy.
Şawul Dawudy tutup getirmek üçin, öz adamlaryny iberdi. Olar Şamuweliň ýolbaşçylygynda joşup, pygamberlik edip ýören pygamberleriň toparyny gördüler. Şonda Şawulyň adamlarynyň-da üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Şunlukda, olar hem joşup, pygamberlik etmäge başladylar.