Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 19:18 - Mukaddes Kitap

18 Gaçyp başyny gutaran Dawut Ramada ýaşaýan Şamuweliň ýanyna gelip, Şawulyň özüne edenleriniň baryny oňa gürrüň berdi. Soňra Şamuwel bilen bile Naýot galasyna gidip, şol ýerde galdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Гачып башыны гутаран Давут Рамада яшаян Шамувелиң янына гелип, Шавулың өзүне эденлериниң барыны оңа гүррүң берди. Соңра Шамувел билен биле Наёт галасына гидип, шол ерде галды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 19:18
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.


Ertesi irden turup, olar Rebbe sežde etdiler, soňra yzlaryna gaýtdylar we Ramadaky öz öýlerine dolanyp geldiler. Elkana öz aýaly Hanna ýanaşdy; Reb onuň dilegini kabul etdi.


Soňra Şamuwel Rama, Şawul bolsa öz Gibgadaky öýüne gitdi.


Dawudyň Ramadaky Naýot galasyndadygyny Şawula habar berdiler.


Ahyrsoňy Rama Şawulyň özi gitdi. Ol Sekudaky ullakan howdanyň ýanyna baryp: «Şamuwel bilen Dawut nirede?» diýip, şol ýerdäkilerden sorady. Olaryň biri: «Olar Ramanyň Naýot galasynda» diýip jogap berdi.


Şawul Ramanyň Naýot galasyna tarap barýarka, onuň hem üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Ol tä Naýota barýança ýolboýy joşup, pygamberlik edip gitdi.


Dawut Ramadaky Naýot galasyndan gaçyp gaýtdy we Ýonatanyň ýanyna gelip, oňa: «Men näme etdim? Meniň ýazygym näme? Kastyma çykar ýaly, men seniň kakaňa näme ýamanlyk etdim?» diýdi.


Akyş hanyň adamlary oňa: «Bu Ysraýylyň patyşasy Dawut dälmi? „Şawul müňüsini öldürdi, Dawut bolsa on müňüsini“ diýşip, ol hakda aýallar aýdym aýdyp, tansam edipdiler-ä» diýdiler.


Şamuwel ölüpdi we bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutupdy. Ony Ramada – öz galasynda jaýladylar. Şawul bolsa porhanlardyr jadygöýleri çykaryp kowupdy.


Ol soňra özüniň Ramadaky öýüne gaýdyp, şol ýerden hem Ysraýyla serdarlyk etdi. Ol Ramada Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ