Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 19:10 - Mukaddes Kitap

10 Şawul elindäki naýzasy bilen Dawudy diwara çüýlemegi ýüregine düwdi. Emma Dawut naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi; naýza baryp, diwara çümdi. Dawut şol gije ýene-de gaçyp başyny gutardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Шавул элиндәки найзасы билен Давуды дивара чүйлемеги йүрегине дүвди. Эмма Давут найзаның өңүнден совлуп етишди; найза барып, дивара чүмди. Давут шол гиҗе ене-де гачып башыны гутарды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 19:10
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Maňa nähak duşman bolanlar, goý, şatlanmasyn, Meni nähak ýere ýigrenýänler göz gypyşmasyn.


Çünki olar şere kowalaşýarlar, gan dökmäge howlugýarlar.


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn». Muny Reb aýdýandyr.


«Eý, Efraýym, saňa näme edeýin? Eý, Ýahuda, seniň bilen näme etmeli? Siziň söýgiňiz säher dumany, ýerdäki çyg ýaly, basym ýok bolýar.


Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine aýlanyp çykyp bilmersiňiz.


Emma Isa olaryň arasyndan geçip, ol ýerden çykyp gaýtdy.


Şonda Ony ýene tutmaga synanyşdylar, emma Isa olaryň ellerinden sypyp gaçdy.


lowlaýan ody öçürdiler, gylyjyň tygyndan gaçyp gutuldylar, ejiz bolsalar hem güýçden doldular, söweşde kuwwatlanyp, keseki goşunlary derbi-dagyn etdiler.


Ertesi Hudaý tarapyndan iberilen jyn-arwah çaltlyk bilen Şawulyň kalbyna girdi. Ol öz öýünde arlamaga başlady. Dawut hemişekisi ýaly lira çalyp otyrdy. Şawulyň elinde naýza bardy.


«Dawudy diwara çüýläýin» diýen niýet bilen Şawul naýzany oňa tarap zyňdy. Emma Dawut iki gezek zyňlan naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi.


Şawul Ýonatanyň sözüne ynandy we oňa: «Onuň janyna kast etmejekdigime Rebden ant içýärin» diýdi.


Şol wagt Ýonatany öldürmegi ýüregine düwüp, Şawul naýzasyny oňa tarap zyňdy. Ýonatan öz kakasynyň Dawudyň janynyň kastyna ymykly çykandygyna şonda düşünip galdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ