Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 18:8 - Mukaddes Kitap

8 Aýallaryň bu aýdýan sözi Şawula ýakmady, onuň juda gahary geldi. Ol: «Olar Dawuda on müňüsini, maňa bolsa müňüsini berýärler. Oňa indi diňe patyşa bolaýmak galdy» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Аялларың бу айдян сөзи Шавула якмады, онуң җуда гахары гелди. Ол: «Олар Давуда он мүңүсини, маңа болса мүңүсини берйәрлер. Оңа инди диңе патыша болаймак галды» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 18:8
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, doganlary Ýusuba göriplik edýärdiler, ýöne bu sözler onuň kakasyny oýa batyrdy.


Doganlary Ýusuba: «Bäh, sen biziň üstümizden hökümdarlyk edäýermikäň, bizi dolandyraýarmykaň?» diýdiler. Şeýdip, olar Ýusuby düýşi hem-de özleri barada aýdan sözleri üçin has-da beter ýigrendiler.


Süleýman patyşa ejesine şeýle jogap berdi: «Sen näme üçin şunemli Abyşagy Adonyýa üçin soraýarsyň? Onuň üçin patyşalygy hem sora! Çünki ol meniň uly doganymdyr; patyşalygy diňe onuň üçin däl-de, eýsem Abýatar ruhany bilen Seruýanyň ogly Ýowap üçin hem sora!»


Mordekaýyň dyza çöküp, özüne tagzym etmeýändigini görende, Haman gahar-gazapdan doldy.


Tekepbirlikden diňe jedel döreýär, maslahat soraýanda danalyk.


Gazap zabundyr, gahar sil kimindir, emma gabanjaňlygyň öňünde kim durup biler?


Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.


Onsoň Bilgam Rebbiň perişdesine: «Men günä etdim, Seniň garşymda ýolda duranyňy bilmändirin. Indi Sen eger meniň gitmegimi oňlamaýan bolsaň, men öýüme gaýdaýyn» diýdi.


Siz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň bize beren ynsanlyk ruhy örän gabanjaňdyr diýlen sözler boş ýere aýdylandyr öýdýärsiňizmi?


Ýöne, ine, indi seniň şalygyň dowam etmez. Reb Öz göwnünden turýan birini tapyp, ony Öz halkyna hökümdar bellär. Çünki sen Rebbiň emrini tutmadyň».


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi.


Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi.


Şol günden beýläk Şawul Dawudy yzarlap başlady.


Şawul öz ogly Ýonatana hem-de öz adamlaryna Dawudy öldürmegi tabşyrdy. Emma Ýonatan Dawudy juda gowy görýärdi.


Ýyşaýyň ogly ýer ýüzünde diri gezip ýörse, özüňe-de, patyşalygyňa-da rahatlyk bolmaz. Häziriň özünde adam iber-de, ony meniň ýanyma getirt, onuň başy ölümli».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ