Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 18:5 - Mukaddes Kitap

5 Dawut Şawul özüni nirä iberse gitdi, baran ýerinde-de işi şowuna boldy. Netijede, Şawul ony öz goşunbaşysy edip goýdy. Mundan ähli halk-da, Şawulyň hyzmatkärleri-de hoşal boldular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Давут Шавул өзүни нирә иберсе гитди, баран еринде-де иши шовуна болды. Нетиҗеде, Шавул оны өз гошунбашысы эдип гойды. Мундан әхли халк-да, Шавулың хызматкәрлери-де хошал болдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 18:5
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Zyndanyň başlygy Ýusubyň garamagyndaky zatlaryň hiç biri bilen gyzyklanmaýardy, çünki Reb Ýusup bilen bolup, her bir işinde oňa üstünlik berýärdi.


Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, sebäbi Hökmürowan Hudaý Reb onuň bilendi.


Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“ diýipdi» diýdiler.


Reb Ýehoşapat bilendi, sebäbi ol kakasynyň owalky ýollaryndan ýöredi. Ýehoşapat Bagaly agtarman, kakasynyň Hudaýyny agtardy, Onuň tabşyryklaryna gulak goýdy, Ysraýylyň ýoluna eýermedi.


Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar.


Ýa Reb, dogamy eşit, Saňa ýetsin meniň perýadym.


Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.


Ol Ýusuby ähli külpetlerden azat etdi. Hudaý oňa görlüp-eşidilmedik akyl-paýhas berip, ony Müsür patyşasy faraonyň huzurynda merhemet tapar ýaly etdi. Faraon ony Müsüriň we tutuş köşgüň baştutany edip belledi.


Şonuň üçin-de samsyk bolman, gaýtam, Rebbiň yradasynyň nämedigine düşüniň.


Mesihi däller bilenem wagtyňyzy peýdaly geçiriň, pursady elden bermäň.


Reb ýahudalar bilen biledi. Olar daglykda ýaşaýanlary ýeňip, olary kowup çykardylar, emma düzlükde ýaşaýanlary ýeňip bilmediler, sebäbi olaryň demir söweş arabalary bardy.


Şawul ysraýyllardan üç müň adamy saýlap aldy. Olaryň iki müňüsini ol Mikmaşda we Beýtel daglygynda öz ýanynda saklady; müňüsini bolsa ogly Ýonatan bilen benýamin topragyndaky Gibga galasynda ýerleşdirdi. Galanlaryny bolsa yzlaryna, öýli-öýüne ugratdy.


Şawul ömürboýy piliştlileriň garşysyna ýowuz uruşlar alyp bardy. Ol nirede gujurly ýa batyr ýigit görse, ony öz ýanyna çekerdi.


Özlerine edenli baştutan bolup ýörensoň, tutuş Ysraýyl hem, Ýahuda hem Dawudy gowy görýärdi.


Piliştli goşunbaşylar söweşe çykýardylar. Her söweşde-de Şawulyň beýleki goşunbaşylaryna garanda, Dawut has uly ýeňişler gazanýardy. Şunlukda, Dawudyň abraýy has artdy.


Ol öz egnindäki donuny, ýaraglaryny, hatda gylyjy, ýaýydyr guşagyny-da Dawuda berdi.


Dawut Jalut piliştlini öldürenden soň, adamlar öýlerine gaýdyp gelýärkäler, ähli Ysraýyl galalaryndan gelen aýallar Şawul patyşany garşylamaga çykdylar. Olar deprekdir beýleki saz gurallaryny çalyp, şadyýan aýdymlar aýdýardylar, tans edýärdiler.


Şamuwel ulalýardy. Onuň aýdanlarynyň ählisi hakykat ýüzünde berjaý bolýardy, çünki Reb onuň bilendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ