Oglanjyk giden badyna Dawut günorta tarapdan peýda boldy. Ol ýüzüni ýere berip, üç gezek tagzym etdi. Soňra Ýonatan ikisi ogşaşyp aglaşdylar. Dawut has köp aglady.
Soňra Ýonatan Dawuda: «„Özümize hem-de neslimize Reb ebedilik şaýat bolsun“ diýip, ikimiz hem Rebden äht edişdik ahyryn. Bar, indi sen arkaýyn gidiber» diýdi.
Şonuň üçin meniň garşyma dildüwşük guradyňyzmy? Oglumyň Ýyşaýyň ogly bilen ülpet bolandygyny maňa habar bereniňiz bolmady. Bu günki gün, görşüňiz ýaly, oglum öz nökerimi meniň garşyma duzak gurmaga iteklände, biriňiziň-de maňa nebsiňiz agyrmady, ol hakda maňa dil ýarmadyňyz».