Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 18:27 - Mukaddes Kitap

27 Dawut öz adamlary bilen gidip, iki ýüz sany piliştlini öldürdi. Patyşa giýew bolmak üçin, ol olaryň pürçüklerini başbütin getirip, oňa berdi. Şondan soň gyzy Mikaly Şawul Dawuda durmuşa çykardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Давут өз адамлары билен гидип, ики йүз саны пилиштлини өлдүрди. Патыша гиев болмак үчин, ол оларың пүрчүклерини башбүтин гетирип, оңа берди. Шондан соң гызы Микалы Шавул Давуда дурмуша чыкарды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 18:27
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut: «Bolýar, men seniň bilen äht edişeýin, ýöne bir şert bilen: meniň bilen görme-görşe geleniňde, Şawulyň gyzy Mikaly-da getirersiň, eger getirmeseň, meni görmersiň» diýdi.


Soňra Dawut: «Ýüz piliştliniň pürçügini berip alan aýalym Mikaly özüme gaýtaryp ber» diýen habar bilen Şawulyň ogly Yşboşede çapar gönderdi.


Rebbiň Ruhy oňa indi, ol Aşkelona gidip, ol ýerde otuz adamy öldürdi. Olaryň eşigini sypyryp aldy-da, mataly çözenlere bir laý köýnek getirip berdi. Onsoň ol gazaba münüp, öz kakasynyň öýüne gaýtdy.


Ýonatan, Ýişwi we Malkyşuwa Şawulyň ogullarydy. Onuň iki gyzynyň ulusynyň ady Merap, kiçisiniň ady bolsa Mikaldy.


Şoňa görä Şawul Dawudy öz ýanyndan aýryp, müňbaşy edip goýdy. Dawut söweşde öz goşunyna baştutanlyk edýärdi.


Şawul Dawuda: «Ine, meniň uly gyzym Merap. Men ony saňa berjek. Diňe meniň batyrym bolup, Rebbiň üçin mertlerçe söweşseň bolýar» diýdi. Çünki Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün» diýip pikir edýärdi.


Emma Rebbiň Dawut bilen biledigine we öz gyzy Mikalyň-da oňa aşyk bolandygyna Şawul aýdyň göz ýetirdi.


Şawul bolsa Dawuda beren gyzy Mikaly gallymly Laýyşyň ogly Palta berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ