Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 18:18 - Mukaddes Kitap

18 Dawut Şawula: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kim, meniň maşgalam we Ysraýyldaky ata-babamyň nesli kim?» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Давут Шавула: «Патышаның гиевси болар ялы, мен ким, мениң машгалам ве Ысрайылдакы ата-бабамың несли ким?» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 18:18
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Dawut gelip, Rebbiň huzurynda oturdy-da, şeýle diýdi: «Ýa Hökmürowan Reb, men kim, meni şeýle derejä ýetirer ýaly meniň maşgalam kim?


Naftaly ülkesinde Ahymagas (ol Süleýmanyň gyzy Bosmata öýlenipdi),


Musa bolsa Hudaýa: «Faraonyň ýanyna gidip, ysraýyllary Müsürden çykaryp getirer ýaly, men kim bolupdyryn?» diýdi.


Rebden gorkmaklyk danalygy öwredýändir, hormat pes göwünlilikden soň gelýändir.


Heläkçilikden öň adamyň ýüregi tekepbir bolýandyr, hormat pes göwünlilikden soň gelýär.


Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim.


Rut iki bükülip tagzym edip: «Meniň bir kesekidigime garamazdan, sen men barada näme beýle aladalanýarsyň? Saňa beýle ýakymly görünmegime näme sebäp boldy?» diýdi.


Şeýlelikde, Şawulyň hyzmatkärleri patyşanyň sözlerini Dawuda ýetirdiler. Dawut olara: «Meniň ýaly ýoksul hem arzysyz adam üçin patyşa giýew bolmaklyk ýeňil işdir öýdýäňizmi?» diýdi.


Şawul oňa: «Men Ysraýylyň iň kiçi tiresi bolan benýamin tiresinden ahyryn, meniň maşgalamam tirämizde göze görünýän maşgala däl-ä. Näme üçin sen maňa beýle zatlary aýdýaň?» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ