Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 18:17 - Mukaddes Kitap

17 Şawul Dawuda: «Ine, meniň uly gyzym Merap. Men ony saňa berjek. Diňe meniň batyrym bolup, Rebbiň üçin mertlerçe söweşseň bolýar» diýdi. Çünki Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün» diýip pikir edýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Шавул Давуда: «Ине, мениң улы гызым Мерап. Мен оны саңа берҗек. Диңе мениң батырым болуп, Реббиң үчин мертлерче сөвешсең боляр» дийди. Чүнки Шавул: «Гой, ол мениң элимден дәл-де, пилиштлилериң элинден өлсүн» дийип пикир эдйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 18:17
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut hatynda şeýle ýazdy: «Uryýany söweşiň iň gazaply gidýän ýerinde goý-da, onuň ýanyndan aýryl. Goý, ol ýaralanyp ölsün».


Näme üçin sen Men-Rebbiň ýigrenýän işlerini etmek bilen, Meniň sözümi äsgermediň? Het halkyndan bolan Uryýany söweşde gylyçdan geçirdip, onuň aýalyny özüňe aýal edindiň. Ony ammonlaryň gylyjy bilen öldürdiň.


Rebbiň sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Dawudyň Rebbiň huzurynda bökjekläp tans edişini görüp, ol öz ýanyndan Dawuda göwnüýetmezçilik bilen seretdi.


Ýa Reb, haçana çenli maňa nazar saljak däl? Sen meni baky unudaýjakmy? Haçana çenli gizlejek menden ýüzüňi?


Ýigrenjini dili bilen örtýändir, göwnünde bolsa hile saklaýandyr,


onuň mylaýym gepleýşine ynanma, çünki ýüreginde ýedi ýigrenç bardyr.


Ýigrenjini hile bilen örtse-de, ýamanlygy jemagata aýan bolýandyr.


Şeýdip, «Rebbiň söweşleri kitabynda» Supa ülkesindäki Wahep galasy hakynda, Arnon dereleriniň ýapgytlary hakynda, Mowabyň serhediniň boýy bilen Ar galasyna çenli ýaýylýan bu dereleriň ýapgytlary hakynda hem ýatlanylýar.


Şonda Musa olara şeýle diýdi: «Eger siz şu aýdanlaryňyzy edip, gaýduwsyz esgerler hökmünde Rebbiň huzurynda söweşe gitseňiz,


Gullaryň bolan biz bolsa, gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmämiz agamyzyň aýdyşy ýaly, derýadan geçip, Rebbiň huzurynda söweşe çykarys».


«Eger gatlar bilen rubenler gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmesi Rebbiň huzurynda siziň bilen Iordandan geçseler we ol ýurt size tabyn bolsa, onda siz olara Gilgat ülkesini mülk edip beriň.


Ölüme höküm edileni ilki şaýatlar öz elleri bilen daşlasynlar, soňra ähli halk daşlap öldürsin. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.


Ýonatan, Ýişwi we Malkyşuwa Şawulyň ogullarydy. Onuň iki gyzynyň ulusynyň ady Merap, kiçisiniň ady bolsa Mikaldy.


Ysraýyllar: «Bu öňe çykyp durany görýäňizmi? Ol Ysraýyla gyjalat bermek üçin çykýar. Şony öldürene patyşa ummasyz baýlyk bilen birlikde gyzyny-da berjek, maşgalasyny bolsa Ysraýylda salgytdan boşatjak» diýişdiler.


Guluň ýolbars-da, aýy-da öldürip gördi. Bu sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, çünki ol diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berdi».


Şu ähli halk Rebbiň gylyçdyr naýzaly halas etmeýändigini biler, çünki söweş Rebbiňkidir. Ol sizi biziň elimize berer».


Şawul «Men ony Dawuda bererin, şeýdibem, oňa duzak guraryn. Piliştliler ondan öç alar» diýip oýlandy. Şonuň üçin ikinji gezek Şawul Dawuda: «Meniň giýewim bolmaga indi sen ikinji gezek mümkinçilik aldyň» diýdi.


Soňra Şawul olara: «Onda siz Dawuda: „Ýüz sany piliştlini sünnetläp, pürçüklerini getirip, duşmanlaryndan aryny alyp berseň, patyşa senden hiç hili galyň islänok“ diýip aýdyň» diýdi. (Şeýdip, Şawul piliştlileriň eli bilen Dawutdan dynmagy ýüregine düwüpdi.)


Dawut öz adamlary bilen gidip, iki ýüz sany piliştlini öldürdi. Patyşa giýew bolmak üçin, ol olaryň pürçüklerini başbütin getirip, oňa berdi. Şondan soň gyzy Mikaly Şawul Dawuda durmuşa çykardy.


Öz gyrnagyňyň hyýanatçylygyny bagyşla. Rebbiň agamyň neslini abat etjegi şübhesizdir, sebäbi agam Reb üçin göreşýär. Ömürboýy senden ýamanlyk çykmaz.


Dawut Ziklaga gelip, «Ine, şu Rebbiň duşmanlaryndan alnan oljadan size sowgat» diýip, öz dostlary bolan ýahuda ýaşulularyna iberdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ