Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.
Reb Ýehoşapat bilendi, sebäbi ol kakasynyň owalky ýollaryndan ýöredi. Ýehoşapat Bagaly agtarman, kakasynyň Hudaýyny agtardy, Onuň tabşyryklaryna gulak goýdy, Ysraýylyň ýoluna eýermedi.
Reb ýahudalar bilen biledi. Olar daglykda ýaşaýanlary ýeňip, olary kowup çykardylar, emma düzlükde ýaşaýanlary ýeňip bilmediler, sebäbi olaryň demir söweş arabalary bardy.
Olaryň biri: «Ýogsa-da, men beýtullahamly Ýyşaýyň bir ogluny gördüm. Saza ussat, batyr ýigit, gaýduwsyz urşujy, dilewar hem görmegeý. Reb hem onuň bilen» diýdi.