Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 18:10 - Mukaddes Kitap

10 Ertesi Hudaý tarapyndan iberilen jyn-arwah çaltlyk bilen Şawulyň kalbyna girdi. Ol öz öýünde arlamaga başlady. Dawut hemişekisi ýaly lira çalyp otyrdy. Şawulyň elinde naýza bardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эртеси Худай тарапындан иберилен җын-арвах чалтлык билен Шавулың калбына гирди. Ол өз өйүнде арламага башлады. Давут хемишекиси ялы лира чалып отырды. Шавулың элинде найза барды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 18:10
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Wagt öýleden agyp, agşam gurbanlygy hödürlenmeli wagta çenli, olar uly goh-galmagal bilen tans edip, pygamberlik eden boldular, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Ähli pygamberler şol bir zady pygamberlik edip: «Ramotgilgada git, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony patyşanyň eline berer» diýdiler.


Onsoň Hananýa ähli halkyň öňünde söz sözläp: «Reb şeýle diýýär: „Men iki ýylyň içinde Babyl patyşasy Nebukadnesaryň boýuntyrygyny ähli milletleriň boýnundan aýryp, şeýle döwerin“» diýdi. Ýermeýa pygamber bolsa öz ýoluna gitdi.


Bir gün ybadat edilýän ýere barýarkak, palçylyk ruhy eýelän bir hyzmatkär gyza duş geldik. Bu gyz pal atmaklyk bilen hojaýynlaryna köp pul gazanyp berýärdi.


Şonuň üçin-de Hudaý olary aldaýan bir güýje tabşyrýar. Olar-da bu aldawa ynanýarlar.


Delila: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýende, ol oýanyp, öňki gezekdäki ýaly öz-özüni boşatmakçy boldy. Emma ol Rebbiň indi özünden ýüz öwrendigini bilmeýärdi.


Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah Şawulyň üstüne inen wagty, Dawut lirasyny alyp çalardy, şonda jyn-arwah ondan el çekerdi we Şawul gutulyp ynjalardy.


Şol günden beýläk Şawul Dawudy yzarlap başlady.


Şawul elindäki naýzasy bilen Dawudy diwara çüýlemegi ýüregine düwdi. Emma Dawut naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi; naýza baryp, diwara çümdi. Dawut şol gije ýene-de gaçyp başyny gutardy.


Ýonatan Dawudy çagyryp, bu gürrüňleri oňa ýetirdi. Soňra ol Dawudy Şawulyň ýanyna alyp bardy. Şunlukda, Dawut ýene öňküsi ýaly Şawula gulluga durdy.


Bir gün Şawul eli naýzaly öz öýünde otyrdy, Dawudam oňa saz çalyp berýärdi. Birden Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah Şawulyň üstüne indi.


Eý, jenabym, patyşahym, indi öz guluňyň aýtjak sözlerine gulak sal. Eger seni meniň garşyma aýaga galdyran Reb bolsa, onda, goý, Ol gurbanlygy kabul etsin. Ýok, eger ynsan ogullary bolsa, onda, goý, olara Rebbiň näleti siňsin! Çünki olar: „Bar, başga hudaýlara sygyn“ diýip, bu gün meni Rebbiň mülkünden berlen paýymdan kowup goýberdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ