Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 17:50 - Mukaddes Kitap

50 Gylyçsyz, sapan hem-de daş bilen Dawut piliştliden üstün çykyp, ony urup öldürdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

50 Гылычсыз, сапан хем-де даш билен Давут пилиштлиден үстүн чыкып, оны уруп өлдүрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 17:50
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol ýaňy ölen eşegiň guramadyk äňini tapyp, eline aldy-da, onuň bilen urup, müň adamy öldürdi.


Ehutdan soň Anat ogly Şamgar peýda boldy. Ol hem padyman taýagy bilen piliştlilerden alty ýüz adamy öldürip, Ysraýyly olaryň elinden halas etdi.


Şol sebäpli uruş wagtynda Şawul bilen Ýonatanyň adamlarynyň elinde ne gylyç, ne-de naýza bardy. Bu ýaraglar diňe Şawul bilen onuň ogly Ýonatanda bardy.


Dawut ýaraglarynyň üstünden Şawulyň gylyjyny biline baglady we ýörejek boldy, çünki ol bulary öň dakynyp görmändi. Onsoň Dawut Şawula: «Men bular bilen ýöräp bilemok, çünki men öň bulary dakynyp görmändim» diýdi. Şeýdip, Dawut bulary çykaryp taşlady.


Dawut elini torbasyna sokup, ondan bir daş çykardy-da, ony sapanyna salyp atyp goýberdi we piliştliniň maňlaýyndan urdy. Daş piliştliniň maňlaýyny deşdi we ol ýüzinligine ýere ýazyldy.


Soňra ol ylgap baryp, piliştliniň üstüne çykdy we onuň gylyjyny gynyndan sogrup aldy-da, gylyç bilen kellesini kesip taşlady. Öz pälwanlarynyň öldürilendigini görüp, piliştliler gaçdylar.


Ol janyny howp astyna salyp, Jalut piliştli bilen söweşdi. Şonda Reb tutuş Ysraýyla beýik ýeňiş getirdi. Sen bu işleri görüp hoşal bolduň. Şu zatlardan soň nädip sen Dawuda ýamanlyk etjek? Ol bigünä ahyryn. Ony öldürmäge esas ýok».


Ahymelek oňa: «Ela jülgesinde seniň eliňden ölen Jalut piliştliniň gylyjy şu ýerde, efodyň ýeňsesinde mata dolangy ýatyr. Eger isleseň, şony alaý. Bu ýerde şondan başga ýarag ýok» diýdi. Dawut oňa: «Ondan gowy ýarag bolmaz, şony beräý» diýdi.


Şawul olara şeýle diýdi: «Derdimi paýlaşanyňyz üçin Reb sizi ýalkasyn!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ