Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 17:47 - Mukaddes Kitap

47 Şu ähli halk Rebbiň gylyçdyr naýzaly halas etmeýändigini biler, çünki söweş Rebbiňkidir. Ol sizi biziň elimize berer».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

47 Шу әхли халк Реббиң гылычдыр найзалы халас этмейәндигини билер, чүнки сөвеш Реббиңкидир. Ол сизи бизиң элимизе берер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 17:47
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Nagaman ýanyndakylar bilen bile Hudaýyň adamynyň ýanyna dolanyp bardy. Ol gelip, Elýaşanyň öňünde durup: «Men indi tutuş ýer ýüzünde Ysraýylyň Hudaýyndan başga hiç bir hudaýyň ýokdugyna göz ýetirdim. Haýyş edýärin, bu guluň peşgeşini kabul edäý» diýdi.


Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk».


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Ýöne biz özümizi Söýýän arkaly bu kynçylyklaryň baryny ýeňýäris.


Reb oňa: «Gorkma, ol hanlaryň ählisini Men seniň eliňe berdim. Olaryň hiç biri seniň öňüňde durup bilmez» diýdi.


Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».


Şawul Dawuda: «Ine, meniň uly gyzym Merap. Men ony saňa berjek. Diňe meniň batyrym bolup, Rebbiň üçin mertlerçe söweşseň bolýar» diýdi. Çünki Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün» diýip pikir edýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ