Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 17:46 - Mukaddes Kitap

46 Şu gün Reb seni meniň elime berer we men seni urup, kelläňi keserin. Men bu gün piliştlileriň ählisiniň läşini ýyrtyjy guşlardyr ýabany haýwanlara şam ederin. Şonda tutuş ýer ýüzi Ysraýylda Hudaýyň bardygyny biler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

46 Шу гүн Реб сени мениң элиме берер ве мен сени уруп, келләңи кесерин. Мен бу гүн пилиштлилериң әхлисиниң ләшини йыртыҗы гушлардыр ябаны хайванлара шам эдерин. Шонда тутуш ер йүзи Ысрайылда Худайың бардыгыны билер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 17:46
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýene üç günden faraon seni zyndandan çykaryp, dardan asar; guşlar seniň etiňi iýerler».


Ahymagas patyşa: «Sag-salamatlyk!» diýip gygyrdy. Soňra ol ýere ýüzin düşüp, patyşa tagzym edip: «Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun, Ol şa hezretlerine el galdyranyň almytyny berdi» diýdi.


Aýanyň gyzy Rispa şol ýerdäki gaýanyň ýüzünde bir köne haltany düşendi-de, arpa oragynyň başyndan tä jesetleriň üstüne ýagyş ýagyp başlaýança, ol ýerde oturdy; ol jesetleri gündizine guşlardan, gijesine wagşy haýwanlardan gorady.


Sen Öz gökdäki mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber.


Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».


Onsoň Nagaman ýanyndakylar bilen bile Hudaýyň adamynyň ýanyna dolanyp bardy. Ol gelip, Elýaşanyň öňünde durup: «Men indi tutuş ýer ýüzünde Ysraýylyň Hudaýyndan başga hiç bir hudaýyň ýokdugyna göz ýetirdim. Haýyş edýärin, bu guluň peşgeşini kabul edäý» diýdi.


«Men saňa öwüt bererin, ýöremeli ýoluňy salgy bererin; maslahat bererin, sende bolar Meniň nazarym.


Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.


Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün.


Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».


Ähli milletleriň gözleriniň alnynda Reb mukaddes bilegini çermedi; ýeriň aňry ujy Hudaýymyzyň halas edýändigini görer.


Eý, ähli wagşy haýwanlar, eý, bütin jeňňel haýwanlary, geliň, iýmäge geliň!


Bu ýerde Ýahuda bilen Iýerusalimiň niýetlerini puja çykararyn. Olary janlarynyň kastyna çykanlaryň eline berip, duşmanlarynyň öňünde gylyçdan heläk ederin. Jesetlerini guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam ederin.


janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Olaryň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi.


Şonuň üçin hem men perman çykarýaryn: Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna garşy küpür geplän her bir halkyň, milletiň ýa-da urugyň el-aýagy çapylyp, öý-öwzary weýran ediljekdir. Çünki şunuň ýaly halas edip biljek başga hiç bir hudaý ýokdur».


Garaguşlaryň üýşmegi maslygyň bardygynyň bir alamatydyr. Ynsan Ogly hem bir alamat bilen geler.


Siziň jesetleriňiz asmandaky guşlara we ýerdäki haýwanlara iýmit bolar. Olary kowmaga adam tapylmaz.


Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berende, siz olary dargadyp, bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. Olar bilen äht baglaşmaň we olara rehimdarlyk etmäň.


Emma Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berer, olaryň hemmesi ýok bolýança, olary uly howsala salar.


Reb oňa: «Gorkma, ol hanlaryň ählisini Men seniň eliňe berdim. Olaryň hiç biri seniň öňüňde durup bilmez» diýdi.


Ol muny ýer ýüzündäki ähli halklar Rebbiň beýik gudratyny bilsin diýip etdi. Şeýle-de Ol muny Hudaýyňyz Rebden hemişe gorkmagyňyz üçin etdi».


Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».


Piliştli ýene Dawuda: «Hany, bir gelsene, etiňi ýyrtyjy guşlar bilen wagşy haýwanlara şam edeýin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ