29 Dawut oňa: «Meniň eden zadym näme? Men indi geplemelem dälmi?» diýdi.
29 Давут оңа: «Мениң эден задым нәме? Мен инди геплемелем дәлми?» дийди.
Mylaýym jogap gahary sowýar, gaty söz gazaby joşdurýar.
Mukaddes Ruha eýerýän adam hemme zada baha berip bilýär, emma başgalar bu adama baha bererden ejizdir.
Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.
Dawudyň adamlar bilen gepleşip duranyny görüp, gazaba münen iň uly agasy Eliýap oňa şeýle diýdi: «Seniň aşakda näme işiň bar? Çöldäki ojagaz goýunlaryňy kime taşlap gaýtdyň? Gedem hem gara ýüreg-ä sen. Söweşe tomaşa etmäge gelensiň sen».
Ol beýlesine öwrüldi-de, ýene-de öňki sözlerini gaýtalady. Adamlar hem oňa öňki jogaby berdiler.