1 Şamuwel 17:26 - Mukaddes Kitap26 Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diyip sorady. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап26 Давут янындакылардан: «Бу пилиштлини өлдүрип, Ысрайылы шу айыпдан дындарана нәме эдилҗек дийдиңиз? Дири Худайың гошунына гыҗалат берер ялы, бу сүннетсиз ким болупдыр?» диыип сорады. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.
Gaýtam, olaryň özleri siziň bizi kabul edişiňiz barada gürrüň berýärler. Şeýle-de siziň butlardan ýüz öwrüp, Hudaýa tarap öwrülendigiňizi aýdyp berýärler. Siz indi hakyky, diri Hudaýa gulluk edýärsiňiz we Onuň ölümden direlden Ogly Isanyň göklerden gelmegine garaşýarsyňyz. Isa Mesih biziň ählimizi gelejekdäki gazapdan halas edýändir.