Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 17:22 - Mukaddes Kitap

22 Dawut zatlaryny sakça tabşyrdy-da, goşuna tarap ylgady. Agalarynyň ýanyna baryp, olar bilen salamlaşdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Давут затларыны сакча табшырды-да, гошуна тарап ылгады. Агаларының янына барып, олар билен саламлашды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 17:22
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup Ýusuba: «Git-de, doganlaryňdan habar al. Janlary sagmyka, dowarlar tükelmikä, bilip gel» diýip, ony Hebron deresiniň içi bilen ugratdy. Ýusup Şekeme geldi.


Uryýa ýanyna gelende, Dawut ondan Ýowabyň we goşunyň hal-ýagdaýy, urşuň gidişi hakda soraşdyrdy.


Musa gaýynatasyny garşy almaga çykdy we dyzyna çöküp tagzym etdi we ony ogşady. Olar biri-biri bilen saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, çadyryň içine girdiler.


Aýat şäherine gelýärler olar, Migrondan geçýärler, Mikmaşda ýüklerini goýýarlar.


Bular ol ýere bardylar. Mikanyň topar bolup duran öýleriniň birinde bolýan lewi ýigidiniňkä girdiler, onuň bilen salamlaşdylar.


Olar çagalary, mallary, ähli goşlary öňden goýberip, ýola düşdüler.


Ysraýyllar hem-de piliştliler söweşmek üçin sap-sap bolup, ýüzbe-ýüz durdular.


Şonda Dawut on ýigidini şeýle tabşyryk bilen onuň ýanyna iberdi: «Karmele gidiň. Nabalyň ýanyna baryň-da, oňa menden salam aýdyň


Dawut ysgyndan gaçyp, özi bilen gidip bilmän, Besor çaýynda galan iki ýüz adamyň ýanyna geldi. Olar Dawudy hem onuň adamlaryny garşylamaga çykdylar. Golaýlaşanlarynda Dawut olara salam berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ