Ol adamyň ady Elimelek, aýalynyň ady Nagomy, ogullarynyň atlary bolsa Mahlon hem Kilýondy. Olar Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan, efrat tiresindendiler. Olar Mowaba gelip, şol ýerde galdylar.
Dawut irden turup, goýunlary sakça tabşyrdy. Ýyşaýyň tabşyryşy ýaly, azyklary alyp ýola düşdi. Dawut düşelgä gelende, goşun gykylyklap, söweş meýdanyna tarap barýardy.
Piliştliler ysraýyllaryň garşysyna söweşmek üçin, hatara düzüldiler. Söweş ýaýbaňlanyp, ysraýyllar piliştlilerden ýeňildiler. Piliştliler söweş meýdanynda olaryň dört müň çemesi adamyny öldürdiler.