Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 17:12 - Mukaddes Kitap

12 Dawut Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan efratly Ýyşaý diýen adamyň ogludy. Ýyşaýyň sekiz ogly bardy. Şawulyň döwründe Ýyşaý eýýäm garrap, ýaşy birçene baran adamdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Давут Яхуданың Бейтуллахам галасындан эфратлы Йышай диен адамың оглуды. Йышайың секиз оглы барды. Шавулың дөврүнде Йышай эййәм гаррап, яшы бирчене баран адамды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 17:12
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Rahel dünýäden ötdi. Ol Efrata, ýagny Beýtullahama gidilýän ýoluň gyrasynda jaýlanyldy.


Ine, Dawudyň soňky sözleri şulardyr: Belende göterilen Ýyşaý ogly Dawut diýýär, Ýakubyň Hudaýynyň seçip saýlan adamy, Ysraýylyň şirin labyzly bagşysy şeýle sözleýär:


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Ýyşaýdan Dawut patyşa doguldy. Dawutdan Süleýman dünýä indi, onuň ejesi Uryýanyň dul aýaly Batşebady.


Isa Hirod patyşanyň döwründe Ýahudyýanyň Beýtullaham şäherinde eneden doguldy. Şonda müneçjimler gündogardan Iýerusalime gelip:


„Emma sen, eý, Ýahuda ýurdundaky Beýtullaham! Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla kiçisi dälsiň sen. Çünki senden bir Hökümdar çykar, halkym Ysraýylyň çopany bolar“».


Ol adamyň ady Elimelek, aýalynyň ady Nagomy, ogullarynyň atlary bolsa Mahlon hem Kilýondy. Olar Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan, efrat tiresindendiler. Olar Mowaba gelip, şol ýerde galdylar.


Goňşy aýallar çaga at goýup: «Nagomy üçin bir ogul doguldy» diýişdiler. Ony Obet diýip atlandyrdylar. Obet Dawudyň kakasy Ýyşaýyň kakasydyr.


Efraýym daglygyndaky Ramataýymsopym galasynda Elkana diýen bir adam ýaşaýardy. Efraýym tiresinden bolan bu adam Ýerohamyň ogly, Elihuwyň agtygy, Tohuwyň çowlugy we Supuň ýuwlugydy.


Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek? Men onuň Ysraýylyň üstünden patyşalyk etmegini ret etdim! Hany bol, küýzäňi ýagdan doldur-da, ýola düş. Men seni beýtullahamly Ýyşaýyň ýanyna iberjek, çünki Men onuň ogullarynyň arasyndan birini Özüm üçin patyşa saýladym».


Olaryň biri: «Ýogsa-da, men beýtullahamly Ýyşaýyň bir ogluny gördüm. Saza ussat, batyr ýigit, gaýduwsyz urşujy, dilewar hem görmegeý. Reb hem onuň bilen» diýdi.


Piliştliniň bu sözlerini eşidende, Şawuly we ähli ysraýyllary aljyraňňylyk hem gorky gaplap aldy.


Şawul ondan: «Ýigit, sen kimiň ogly bolarsyň?» diýip sorady. Dawut: «Seniň beýtullahamly hyzmatkäriň Ýyşaýyň ogly men» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ