Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 16:7 - Mukaddes Kitap

7 Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Эмма Реб Шамувеле: «Онуң даш кешбине я-да узын боюна гарама, чүнки Мен оны рет этдим. Себәби Реббиң гарайшы адамыңкы ялы дәлдир. Адам даш кешбе середйәр, эмма Реб калба середйәр» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 16:7
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Reb Kabyly we onuň sadakasyny kabul etmedi. Kabylyň muňa gaty gahary gelip, ýüzüni sallady.


Görmegeýlikde Abşalom ýaly magtalýan adam tutuş Ysraýylda ýokdy. Depesinden dyrnagyna çenli onuň ýekeje-de kemi ýokdy.


Men Saňa başga näme diýip bilerin?! Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz guluňy tanaýarsyň ahyryn!


şonda Sen gökde Öz mesgeniňde eşit-de, olary bagyşla we olara ýardam et. Her kese eden işine görä jogap ber, çünki her ynsanyň ýüregini diňe Sen bilýänsiň.


Öz guluňa beýle hormatyň üçin Dawut Saňa näme diýip biler? Sen Öz guluňy tanaýarsyň ahyryn!


Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.


Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».


şonda Sen gökde Öz mesgeniňde eşit-de, olary bagyşla we olara ýardam et. Her kese eden işine görä jogap ber, çünki her ynsanyň ýüregini diňe Sen bilýänsiň.


Eýsem Seniň gözleriň ynsan gözlerimi? Ynsanyň görşi dek görýäňmi?


Göklere seredip gör, bulutlara göz gezdir, olar senden belent.


Ýa Reb, ýamanlardan meni halas et, zalym adamlardan meni penala.


Reb halklara höküm çykarýar; ýa Reb, dogrulygym bilen päkligime görä, Sen meni akla.


Ölüler dünýäsi we heläkçilik ýeri Rebbe açyk bolsa, ynsan ýüregi Oňa has hem aýandyr.


Adamyň ähli ýollary öz gözüne sapdyr, ýöne ruhuňa syn edýän Rebdir.


Eger sen: «Biz bilmedik» diýseň, ýürekleri Synaýan muny bilmezmi? Seniň janyňy Goraýan ony aňmazmy? Ol her kime işine laýyk gaýtarmazmy?


Görmegeýlik aldawçydyr, owadanlyk puçdur, diňe Rebden gorkýan aýal taryplanýandyr.


Emma, eý, adalatly höküm edýän, ýürekleri we pikirleri synaýan Hökmürowan Reb! Dawamy Saňa aýan edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin!


«Men-Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn».


Eý, Hökmürowan Reb, dogry adamlary synaýan, ýürekleri görýän we pikirleri okaýan Sensiň! Dawamy Saňa mälim edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin!


Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.


Daşky görnüşe görä höküm çykarmaň, hökümiňiz adalatly bolsun» diýdi.


Siz ynsan ölçegi bilen höküm çykarýarsyňyz, Men hiç kimiň üstünden höküm çykarmaýaryn.


Onsoň Hudaýa doga-dileg edip: «Ýa Reb! Sen hemmäniň ýüregini bilýärsiň. Ine, şu ikisinden haýsy birini resullyga saýlan bolsaň, bize görkez,


Käbir adamlar: «Pawlusyň hatlary ýowuz we güýçli bolsa-da, onuň özi aramyza gelende ejiz görünýär. Onuň gepi-de dereksiz!» diýip aýdýarlar.


Mese-mälim görnüp durana serediň-ä! Eger kimdir biriniň özüniň Mesihe degişlidigi barada berk ynamy bar bolsa, goý, şuňa düşünsin: biz hem edil şonuň ýaly Mesihe degişlidiris.


Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.


Siz ynsanlar tarapyndan ret edilen, emma Hudaýyň nazarynda saýlanan we gymmatly saýylan diri Daşa, ýagny Isa Mesihe ýakynlaşýarsyňyz.


Tersine, kalbyňyzdaky ýuwaş hem ýumşak ruh siziň solmaýan içki gözelligiňiz bolsun. Bu Hudaýyň nazarynda has gymmatlydyr.


Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.


Buýsançdan doly sözlerden el göter. Ulumsylyk bilen gep urma, çünki ähli iş Rebbe aýandyr. Hemmesine kazylyk edýän Şoldur.


Onuň Şawul atly ýaş hem görmegeý bir ogly bardy. Ysraýylda boý-syrat babatda oňa taý ýokdy; beýlekiler onuň egnindendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ