Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 16:4 - Mukaddes Kitap

4 Şamuwel Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirdi; ol Beýtullahama geldi. Galanyň ýaşululary sandyraşyp, onuň ýanyna geldiler-de: «Eýgilikmi?» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Шамувел Реббиң буйругыны ерине етирди; ол Бейтуллахама гелди. Галаның яшулулары сандырашып, онуң янына гелдилер-де: «Эйгиликми?» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 16:4
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Rahel dünýäden ötdi. Ol Efrata, ýagny Beýtullahama gidilýän ýoluň gyrasynda jaýlanyldy.


Padanaramdan gaýdyp gelýärkäm, Kenganda Efrata ýetmäge sähel aralyk galanda, ýolda Rahel dünýäden ötdi. Bu meni erbet gama batyrdy. Men ony Efrata (häzirki Beýtullahama) gidilýän ýoluň gyrasynda jaýladym».


Dawut şol gün Rebden gorkup: «Rebbiň sandygyny nädip meniň ýanyma getirip bolarka?» diýdi.


Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýdi.


Onsoň Hagytyň ogly Adonyýa Süleýmanyň ejesi Batşebanyň ýanyna geldi. Batşeba ondan: «Eýgiligemi?» diýip sorady. Adonyýa hem: «Eýgilige» diýip jogap berdi.


Ýoram Ýehuwy görüp: «Ýehu, eýgilikmidir?» diýip sorady. Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýligi bilen eýgilik nireden bolsun?!» diýip jogap berdi.


Reb arslan ýaly nagra çeker. Olar Rebbiň yzyna eýererler. Nagra çekende, Onuň çagalary günbatardan titreşip geler.


Şoňa görä Men olary pygamberiň sözi bilen parçaladym. Olary agzymdan çykan söz bilen öldürdim. Hökümim nur kimin parlaýar.


Şeýlelikde, Ýusup hem Jeliledäki Nasyra şäherinden çykyp, Dawudyň Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherine gitdi, sebäbi ol Dawudyň urugyndan bolup, onuň nesline degişlidi.


Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi.


Onsoň ähli gerasalylar we şol sebitiň ilaty Isadan öz ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olary uly gorky gaplap alypdy. Isa hem gaýyga münüp, yzyna gaýtdy.


Dawut Ahymelek ruhanynyň ýanyna Nop galasyna geldi. Ahymelek gorkudan ýaňa sandyr-sandyr edip, Dawudy garşylamaga çykdy. Ol Dawuda: «Näme üçin ýeke özüň geldiň? Näme üçin ýanyňda hiç kim ýok?» diýip sorady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ