Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 16:19 - Mukaddes Kitap

19 Şoňa görä, Şawul Ýyşaýa: «Goýun bakyp ýören ogluň Dawudy meniň ýanyma iber» diýen habar bilen çapar ýollady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Шоңа гөрә, Шавул Йышая: «Гоюн бакып йөрен оглуң Давуды мениң яныма ибер» диен хабар билен чапар ёллады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 16:19
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ylýas ol ýerden gidip, Şapatyň ogly Elýaşany tapdy. Ol ýer sürüp ýördi. Onuň öňünde on iki jübüt öküz bardy. Elýaşa on ikinji jübütiň ýanyndady. Onuň ýanyndan geçende, Ylýas öz donuny onuň egnine atdy.


Tekowaly çopanlaryň biri bolan Amosyň sözleri. Ysraýyl hakyndaky bu sözler Amosa ýertitremeden iki ýyl öň görnüş arkaly aýan bolupdy. Şol günlerde Ýahudada Uzyýa patyşa, Ysraýylda Ýehowaşyň ogly Ýarobgam patyşa höküm sürýärdi.


Soňra ol Ýyşaýdan: «Ogullaryň hemmesi şularmy?» diýip sorady. Ýyşaý: «Ýene körpesi-de bar, ol goýun bakyp ýör» diýip jogap berdi. Şamuwel Ýyşaýa: «Ony getirt, çünki ol bu ýere özi gelýänçä, biz dyz epmeris» diýdi.


Olaryň biri: «Ýogsa-da, men beýtullahamly Ýyşaýyň bir ogluny gördüm. Saza ussat, batyr ýigit, gaýduwsyz urşujy, dilewar hem görmegeý. Reb hem onuň bilen» diýdi.


Ýyşaý ogly Dawudy Şawulyň ýanyna iberende, onuň ýany bilen bir eşege çörek, bir tulum şerap hem-de bir owlak ýükläp iberdi.


Dawut öz kakasynyň goýunlaryny bakmak üçin, Şawulyň ýanyndan käwagt Beýtullahama gelip-giderdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ