Jenabymyz huzuryndaky hyzmatkärlerine lira çalmaga ussat adamyň gözlegine çykmagy buýursa, Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah siziň üstüňize inende, ol çalardy, siz bolsa gutulardyňyz».
Olaryň biri: «Ýogsa-da, men beýtullahamly Ýyşaýyň bir ogluny gördüm. Saza ussat, batyr ýigit, gaýduwsyz urşujy, dilewar hem görmegeý. Reb hem onuň bilen» diýdi.