Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 16:14 - Mukaddes Kitap

14 Rebbiň Ruhy Şawuldan aýryldy. Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah ony gorkuzýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Реббиң Рухы Шавулдан айрылды. Реб тарапындан иберилен җын-арвах оны горкузярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 16:14
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin.


Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.


Reb ondan: „Nädip?“ diýip sorady. Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de, ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi.


Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin; Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.


Çagalaryny ýetişdirse-de, balalaryny ellerinden alaryn. Men olary terk edenimde, olaryň dat gününe!


Delila: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýende, ol oýanyp, öňki gezekdäki ýaly öz-özüni boşatmakçy boldy. Emma ol Rebbiň indi özünden ýüz öwrendigini bilmeýärdi.


Şimşon jaýy saklaýan sütünleriň birine sag elini, beýlekisine çep elini diräp, olary ýerinden süýşürdi.


Hudaýyň emri bilen Şekemiň ilaty Abymelegiň garşysyna gidip başlady.


Şawul ol sözleri eşidende, Hudaýyň Ruhy onuň kalbyny eýeledi. Şawulyň gaty gahary geldi.


Hyzmatkärleri Şawula şeýle diýdiler: «Görýäňizmi, Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah sizi gorkuzýar.


Jenabymyz huzuryndaky hyzmatkärlerine lira çalmaga ussat adamyň gözlegine çykmagy buýursa, Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah siziň üstüňize inende, ol çalardy, siz bolsa gutulardyňyz».


Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah Şawulyň üstüne inen wagty, Dawut lirasyny alyp çalardy, şonda jyn-arwah ondan el çekerdi we Şawul gutulyp ynjalardy.


Ertesi Hudaý tarapyndan iberilen jyn-arwah çaltlyk bilen Şawulyň kalbyna girdi. Ol öz öýünde arlamaga başlady. Dawut hemişekisi ýaly lira çalyp otyrdy. Şawulyň elinde naýza bardy.


Şawul Dawutdan gorkýardy, sebäbi Reb onuň bilendi, Şawuly bolsa Reb terk edipdi.


Şamuwel Şawula: «Näme üçin meni ýokary çykaryp, alada goýduň?» diýdi. Şawul şeýle jogap berdi: «Men çykgynsyz ýagdaýa düşdüm. Piliştliler meniň garşyma uruşýarlar, Hudaý bolsa menden ýüz öwürdi. Indi Ol maňa pygamberleriň üsti bilen-de, düýşde-de jogap bermeýär. Şoňa görä näme etmelidigimi öwrederiň ýaly, men seni çagyrdym».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ